Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransuz sudy protestçi aktýora ýyl kesdi, emma azatlyga goýberdi


Pýotr Pawlenski

Fransuz sudy rus aktýory Pýotr Pawlenskä Fransiýanyň merkezi bankynyň binasynyň işigine ot berendigi üçin türme tussaglygy hökümini çykardy, emma ony türmede geçiren wagty üçin azatlyga goýberdi.

10-njy ýanwarda bolan sud prokurorlaryň Pawlenskä 2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Banque de France bankynyň Pariždäki bölüminiň öň tarapyndaky gapysyna ot berendigi üçin soran 10 ýyl türme tussaglygyny ret etdi.

Muňa derek aktýora bir ýyl türme möhleti, iki ýyl hem şertli tussaglyk hökümi çykaryldy. 11 aý bäri türmede bolansoň, bu onuň azatlyga çykarylandygyny aňladýar.

Onuň ozalky partnýory Oksana Şalygina hem iki ýyl tussaglyk hökümi çykaryldy, emma bu türme möhletiniň 16 aýy şertli tussaglyk bolup durýar.

Pawlenski 2018-nji ýylyň fewralynda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde fransuz bankyny nyşana almagynyň sebäbini onuň “Parižiň basylyp alynmagynyň simwoly bolup galýandygy” we “Ähli rewolýsiuon başlangyçlaryň basylyp ýatyrylmagynyň berk simwoly bolmagy” bilen düşündirdi.

Pawlenski 2015-nji ýylyň noýabrynda Moskwada Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň baş binasynyň gapysyna hem ot berdi. Şonda ol 8 müň dollar çemesi jerime salynmazyndan öň alty aý deslapky tussaghanada oturdy.

Pawlenski, Şalygina we olaryň iki çagasy 2017-nji ýylyň ýanwarynda Orsýetden gaçdy. Olara şol ýylyň maýynda Fransiýada syýasy gaçybatalga berildi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG