Gyrgyzystanyň ozalky premýer-ministrine başga bir korrupsiýa işi boýunça täze aýyplamalar bildirildi. Ol ozal Bişkekdäki elektrik stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak işi bilen baglylykda korrupsiýada aýyplanyp, 2018-nji ýylda tussag edildi.
Döwlet milli howpsuzlyk komiteti 10-njy ýanwarda Sapar Isakowyň Bişkekdäki Gyrgyz döwlet taryhy muzeýiniň gaýtadan gurulmagy bilen baglylykda düýpli maliýe ýitgilerine ýol berilmeginde aýyplanandygyny aýtdy.
DMHK Isakowyň 2016-njy ýyldaky gaýtadan guruş proýektine bikanun gatyşandygyny, munuň bejeriş işlerini alyp barýan türk kompaniýasynyň gyrgyz hökümeti bilen baglaşan şertnamasyny bozmagyna getirendigini aýdýar.
Işiň bes edilmegi Gyrgyzystanyň býujetine artykmaç çykdajy boldy. DMHK şu hepdäniň başynda Bişkekdäki elektrik stansiýasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda korrupsiýa işiniň derňewiniň tamam bolandygyny aýtdy.
Bu iş 2013-nji ýyldan uç alýar, şol wagt Isakow Bişkekdäki Termal elektrik stansiýasyny döwrebaplaşdyrmak proýektini amala aşyrýardy. Isakow öz wezipesini ulanyp, bu stansiýany döwrebaplaşdyrmak barada yglan edilen tenderde Hytaý kompaniýasynyň haýryna hereket etmekde aýyplanýar.