Rus blogçysy, hamala, hukuk goraýjy resmileriň birnäçesiniň ýerli garakçylar toparynyň başlygynyň jaýlanyş dabarasyna gatnaşyşyny görkezýän wideony internetde paýlaşanyndan soň tussag edildi diýip, garaşsyz gözegçilik topary 12-nji ýanwarda habar berdi.
Uzak Gündogar sebitindäki Habarowskda tussag edilen blogçy Wiktor Toroptsew özüniň saklanmagyna garşy protest bildirip, açlyk yglan etdi diýip, OVD-Info, demonstrasiýalaryň basylyp ýatyrylmagyna syn edýän garaşsyz topar ýazdy.
Bu toparyň tassyklamagyna görä,Toroptsew, hamala, möhleti geçen sürüjilik şahadatnamasyny ulanmakda aýyplanyp, Amursk şäherindäki polisiýa stansiýasyna alnyp gidildi.
Blogçy özüniň bikanun tussag edilendigini we 8-nji ýanwarda YouTube-da paýlaşan wideosy üçin nyşana alnandygyny aýdýar diýip, OVD-Info habar berdi.
Blogçynyň tussag edilmeginiň sebäpleri barada häzrlikçe hiç bir resmi düşündiriş ýok.