Tanymal täjik žurnalisti biknanun ýurtdan çykyp, suduň kararyny bozany üçin gaýybana sekiz aý türme tussaglygyna höküm edildi diýip, onuň aklawçysy aýtdy.
“Khayrullo Mirsaidow 11-nji ýanwarda, Hojant şäher sudy tarapyndan gaýybana azatlykdan mahrum edildi” diýip, aklawçy aýtdy.
Mirsaidow 2018-nji ýylyň awgustynda, 12 ýyllyk türme tussaglygy 8,500 dollar jerime we jemgyýetçilik hyzmaty bilen çalşyrylandan soň, azatlyga çykdy.
Onuň işini köpler syýasy äheňli hasaplaýar. “Men suda Mirsaidowyň daşary ýurda medisina bejergisini almak üçin gidendigini aýtdym” diýip, onuň aklawçysy Bakhtiyor Nasrulloew 12-nji ýanwarda Azatlyk radiosynyň Täjik gullugyna aýtdy.
“Emma resmiler onuň häkimiýetlere aýtman gidendigini aýdyp, muňa garşy çykdylar. Olar onuň medisina dokumentlerini görkezip, häkimiýetlerden daşary ýurda gitmäge rugsat almalydygyny aýtdylar” diýip, aklawçy sözüniň üstüni ýetirdi.