Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu: Ysraýyl Eýranyň Siriýadaky ýarag ammarlaryna zarba urdy


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu

Ysraýyl hepde ahyrynda Siriýadaky eýran ýaraglaryna garşy howa zarbasyny urdy diýip, premýer-ministr Benjamin Netanýahu aýtdy.

"Edil soňky 36 sagatda howa güýçleri Eýranyň Damaskdaky halkara uçar meýdanynda eýran ýaraglaryny saklaýan ammarlaryna hüjüm etdi” diýip, Netanýahu 13-nji ýanwardaky hökümet maslahatynda aýtdy.

SANA habar gullugynyň maglumatyna görä, Siriýanyň howa goragçylary “duşmançylykly” raketalaryň köpüsini urup ýykdy, emma olaryň biri Damask aeroportundaky ammara gelip urdy.

Netanýahu özüniň telewideniýede berlen sözünde Ysraýylyň Siriýadaky eýran we hizbulla nyşanlaryna “ýüzlerçe gezek” ok atyp, Eýranyň ol ýerdäki harby berkitmelerini gowşatmakda rowaçlyk gazanandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG