Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranyň eteginde uçar heläkçilige uçrady, ýedi adam öldi


Boeing 707 ýük uçary Tähranyň eteginde heläkçilige uçrady.

Gyrgyzystandan uçuşy amala aşyran ýük uçary Eýranyň paýtagty Tähranyň golaýynda heläkçilige uçrady.

Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar departamenti ýedi adamyň jesediniň tapylandygyny we gözleg işleriniň dowam edýändigini habar berýär.

Fars habar agentligi uçaryň bortunda 16 adamyň bolandygyny, şeýle-de heläkçilikde diňe uçar inženeriniň aman galandygyny aýdýar.

Eýran harbylary Boeing 707 uçarynyň Gyrgyzystandan eti daşandygyny we Fath aeroportynda adatdan daşary gonuşy amala aşyrmakçy bolandygyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG