Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Türkiýä Siriýadaky kürtlere hüjüm etmezligi duýdurdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eger-de Ankara Birleşen Ştatlary tarapyndan goldanylýan kürt söweşijilerine hüjüm etse, onda Türkiýä garşy ykdysady çäreleri görjekdigini duýdurdy.

Türkiýe “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň söweşijileri bilen birlikde, ABŞ-nyň ýarany kürtlere hem hüjüm etjekdigini aýdyp, haýbat atypdy. Türkiýe olary terrorist hökmünde häsiýetlendirýär.

Tramp özüniň Twitter hasabynda kürtleri hem “Türkiýäni öjükdirmekden saklanmaga” çagyrdy.

Şeýle-de, Tramp ABŞ harbylarynyň Siriýadan çykarylyp başlandygyny mälim etdi.

AP habar agentligi, ABŞ-nyň bir goranmak resmisine salgylanyp, öňümizdäki hepdeleriň dowamynda 2 müň töweregi esgeriň çykarylmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Trampyň Siriýadan çykmak baradaky karary ABŞ-nyň ýaranlary üçin garaşylmadyk habar boldy, şeýle-de Siriýadaky kürtleriň gahar-gazaba münmegine sebäp boldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG