Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýa kubogy: Türkmen futbolçylary Özbegistandan uly hasap bilen ýeňildiler


Özbek futbolçylary türkmen toparyny ýeňmegini gutlaýarlar. 13-nji ýanwar
Özbek futbolçylary türkmen toparyny ýeňmegini gutlaýarlar. 13-nji ýanwar

Aziýanyň kubogy ugrundaky çempionatda türkmen futbolçylary özbek toparyndan uly hasap bilen ýeňilip, öz toparyndan çykyp bilmediler.

Ýekşenbe güni Dubaýda geçirilen duşuşykda “F” toparynda çykyş edýän Türkmenistan Özbegistandan 0:4 hasaby bilen ýeňildi.

Mundan öň, 9-njy ýanwarda türkmen futbolçylary özüniň geçiren ilkinji duşuşygynda hem Ýaponiýadan 2-3 hasaby bilen ýeňilipdiler.

Çempionatyň iki tapgyryndan soň, Türkmenistanyň 0 baly bar. Pökgi ara tapawudy boýunça türkmen futbolçylary “F” toparynda iň soňky orny eýeleýärler.

Toparyň jemleýji duşuşygy 17-nji ýanwarda geçirilip, onda Türkmenistan Omanyň komandasy bilen duşuşar. Bellesek, omanly futbolçylar hem soňky iki duşuşygynda ýeňlişe sezewar bolupdylar.

Türkmenistanyň saýlama topary Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa ikinji sapar gatnaşyp, ol öňki gezek hem toparyndan çykyp bilmändi.

XS
SM
MD
LG