Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran satellit uçuşynyň şowsuz geçendigini aýdýar


Eýranyň Simorgh (Phoenix) satellit raketasy. Arhiw suraty
Eýranyň Simorgh (Phoenix) satellit raketasy. Arhiw suraty

Eýran kosmosa öz satellitini ugratmakçy bolanda älem gämisiniň orbita ýetmän, şowsuzlyga uçrandygyny mälim etdi.

Bu ABŞ-nyň Tähranyň raketa synaglarynyň BMG-niň rezolýusiýalaryna çapraz gelýändigini aýdyp, bu baradaky degişli duýduryşlaryna gabat geldi.

Eýranyň telekommunikasiýalar ministri Mohammad Jawad Azari Jahrominiň döwlet telewideniýesine beren maglumatyna görä, Paýam satellitini daşaýan raketa uçuşyň üçünji tapgyrynda “gerekli tizligi” alyp bilmändir.

Ol şowsuzlyga anyk nämäniň sebäp bolandygyny aýtmasa-da, alymlaryň bu ugurdaky işlerini dowam etdirjekdiklerini söz berdi.

Eýran kosmosa iki satelliti ugratmakçy bolýandygyny aýdýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Eýranyň bu baradaky planlarynyň Tähranyň BMG-niň rezolýusiýalaryny nä derejede äsgermezçilik edýändigini görkezýändigini belledi. Bu rezolýusiýa laýyklykda, Eýrana ballistik raketalary bilen ilteşikli hereketler gadagan edilýär.

Tähran öz planlarynyň rezolýusiýa çapraz gelmeýändigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG