Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşada müňlerçe adam Gdanskyň öldürilen häkiminiň hatyrasyny tutýar


Pawel Adamowiçz

Polşa boýunça müňlerçe adam Gdansk şäheriniň merhum häkiminiň hatyrasyny tutup, ýöriş geçirdiler.

Pawel Adamowiçze haýyr-sahawat çäresinde hüjüm edilip, onuň ýüregine pyçak bilen uruldy. Bu hadysanyň ertesi güni, ýagny 14-nji ýanwarda ol keselhanada ýogaldy.

Adamowiçziň 20 ýyl töweregi ýolbaşçylyk eden Gdansk şäherinde müňlerçe adam ýöriş geçirdi.

Ýewropa geňeşiniň prezidenti Donald Tusk öz dostunyň we ozalky syýasy egindeşiniň hatyrasyny tutmak çäresine gatnaşmak üçin, onuň dogduk şäherine geldi.

Paýtagt Warşawada hem müňlerçe adam hatyra ýörişini geçirdiler.

13-nji ýanwardaky hüjümden soň Adamowiçziň saglygy ençeme sagatlap agyr ýagdaýda bolup, oňa dört sagat çemesi operasiýa edildi.

“Biziň tagallalarymyza garamazdan, biz onuň janyny halas edip bilmedik” diýip, doktor Tomasz Stefaniýak aýtdy.

27 ýaşly aýyplanýan wakanyň bolan ýerinde tussag edidi. Mundan öň, onuň bank talaňçylygy aýyplamalary bilen türmede bäş ýyl oturyp çykandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG