Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan TOPH-yň Owganystanda parahatçylygy ýola goýmaga ýardam berjekdigini aýdýar


12-13 - nji ýanwarda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Hindistan - Merkezi Aziýa Dialogynyň daşary işler ministrleri derejesinde ilkinji ýygnagy geçirildi
12-13 - nji ýanwarda Özbegistanyň Samarkant şäherinde Hindistan - Merkezi Aziýa Dialogynyň daşary işler ministrleri derejesinde ilkinji ýygnagy geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Samarkantda geçirilýän “Merkezi Aziýa – Hindistan” Dialogynda eden çykyşynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň Owganystanda parahatçylygy ýola goýmakda möhüm ähmiýetiniň bardygyny aýtdy. Bu barada TASS 13-nji ýanwarda habar berdi.

12 – 13 -nji ýanwarda Özbegistanyň Samarkant şäherinde “Merkezi Aziýa – Hindistan” Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi.

“TOPH taslamasy Owganystanda durnuklylygy ýola goýmaga şert döreder. Bu diňe Owganystanyň özünde 12 müň sany iş orunlaryny döredip, her ýyl döwlet gaznasyna 1 milliard dollar töweregi girdeji getirer” diýip, Meredow aýtdy.

Foruma Owganystan hem gatnaşýar. Onuň çäginde geçirilen duşuşykda gatnaşyjy ýurtlar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

“Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň birinji duşuşygynyň çäklerinde taraplar Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we rowaç ösüşi pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gatnaşyjylar tarapyndan Owganystanda howpsuzlygyň üpjün edilmeginde TOPH ýaly iri göwrümli taslamalaryň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 14-nji ýanwarda çap eden resmi maglumatynda aýtdy.

“Merkezi Aziýa – Hindistan” Dialogyna Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň hem-de Hindistanyň daşary işler ministrleri gatnaşýar.

Reşit Meredowyň Owganystanda parahatçylygy ýola goýmak barada eden çykyşy Türkmenistanda häkimiýetleriň harby ätiýaçdaky gullukçylary hasaba alýan wagtyna gabat gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri, şu günler ýurduň ähli künjeginde harby ätiýaçlykda duran adamlaryň hasaba alynýandygyny habar berdi.

12-nji ýanwarda Azatlygyň aşgabatly habarçysy ätiýaja goýberilen harby gullukçylaryň paýtagtda hasaba alnyp başlanandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi ýurduň çäginde ýerleşýän ähli harby wekiliýetlere 50 ýaşa ýetmedik erkekleriň harby gulluga ukybyny barlamak boýunça tabşyrygyň berlendigini 14-nji ýanwarda tassyklady.

Onuň sözlerine görä, ätiýaja goýberilen harby gullukçylaryň häzir hasaba alynmagy Owganystan bilen serhetdäki ýagdaýyň durnuksyzlygy bilen bagly.

“Bu serhetdäki ýagdaýyň durnuksyzlygy bilen bagly. Serhediň uzaýan ähli ýerlerinde Lebapda Kerkiden başlap, Maryda Tagtabazara we Serhetabada çenli örän aladaly” diýip, Goranmak ministrligindäki çeşme aýtdy.

Ýurt içindäki beýleki bir çeşme häkimiýetleriň öýme-öý aýlanyp harby ätiýaçlykdaky adamlary hasaba alýandygyny habar berdi.

“Hasaba alyş işi öýlere aýlanmak arkaly hem amala aşyrylýar. Käbir pursatlarda gözlenýän adam öýünde bolmasa, onuň üçin powestka galdyrýarlar, onuň harby bölüme baryp, hasaba durmak talaby bilen. Şeýle-de onuň saglyk ýagdaýy, harby gullugy berjaý etmek ukybyna päsgel bolup biljek keselleriniň bolup-bolmazlygy bilen gyzyklanýarlar. Käbir halatlarda garyndaşlaryna hem sorag berýärler” diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, ýerli ýaşaýjylar häkimiýetleriň harby ätiýaçlykdaky adamlary hasaba almak çärelerini Owganystanyň serhet regionlarynda “Talybanyň” güýçlenmegi hem-de TOPH taslamasyna howp abanmak ähtimallygy bilen ilteşdirýär.

2018-nji ýylyň tomsunda türkmen-owgan serhedinde owganystanly neşe gaçakçylary diýilýänler bilen türkmen harbylarynyň arasynda bolan ok atyşykda 25 çemesi türkmen esger wepat boldy.

Resmi Aşgabat türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň kadalydygyny aýdyp gelýär.

XS
SM
MD
LG