Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Döwlet garalawçysy Denis Teni öldüren iki adama 20 ýyl türme tussaglygyny soraýar


Denis Ten, arhiw suraty
Denis Ten, arhiw suraty

Döwlet garalawçysy Gazagystandaky sudda buzda figuralaýyn typyjy Denis Teni bilkastdan öldüren iki adama 20 ýyl türme tussaglygynyň berilmegini sorady.

Şeýle-de prokuror 16-njy ýanwardaky sudda bu iki adamyň ogurlykda hem günäli tapylmagyny, sud edilýänleriň üçünjisiniň ogurlykda we jenaýaty habar bermezlikde aýyplanyp, dört ýyl azatlykdan mahrum edilmegini sorady.

Ten 2014-nji ýylda Soçide geçirilen Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp, bürünç medal utmak bilen, olimpiýa medalyny utan ilkinji gazak buzda typyjysy bolupdy. Şeýle-de ol 2013-nji we 2015-nji ýyllarda geçirilen dünýä çempionatlarynda medal gazanmagy başardy.

Ten 2018-nji ýylyň tomsunda Almatynyň merkezinde, 25 ýaşynda pyçaklanyp öldürildi.

Sülçüler güman edilýän Arman Kudaibergenow bilen Nuraly Kiýasowyň ony maşynynyň gapdal aýnalaryny goparmagynyň öňüni aljak bolanda öldürendiklerini aýdýarlar.

Kudaibergenow we Kiýasow özleriniň ogurlykda günäkärdiklerini aýtdylar, emma buzda typyjyny öldürmegi planlaşdyrmandyklaryny öňe sürdüler.

Üçünji aýyplanýan Žanar Tolybaewa özüniň adam pyçaklanyşyny görmändigini, diňe Teniň maşynynyň aýnalarynyň goparyljak bolnandygyny bilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG