Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýranyň hemra uçurmak synanyşygyny ýazgarýar


Döwlet sekretary Maýk Pompeo Muskatda, Oman, 14-nji ýanwar, 2019.

Birleşen Ştatlar Eýranyň orbita hemra çykarmak synanyşygyny ýazgaryp, Waşingtonyň “Eýranyň halkara normalaryny äsgermezlik etmegine gyradan seredip durmajygyny” duýdurdy.

Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň 15-nji ýanwardaky beýanaty eýran resmileriniň ekologiýa gözegçiligi hemrasyny alyp barýan raketany uçurandyklaryny, emma onuň şowsuz bolandygyny yglan etmekleriniň yz ýanyna gabat geldi.

Eýranyň hemra uçurmak synanyşygy we Waşingtonyň muňa berk reaksiýa bildirmegi, Birleşen Ştatlaryň Eýrana edýän basyşyny güýçlendirmegi bilen, bu sebitde ýokarlanýan dartgynlyklaryň soňky görkezijisi bolup durýar.

Telekommikasiýalar ministri Mohammad Javad Azari Jahromi döwlet telewideniýesine beren düşündirişinde hemra uçurmagyň näme sebäpden şowsuzlyga uçrandygyny aýtmady, emma alymlaryň öz barlaglaryny dowam etdirjegini wada berdi. Biraz soň ol twitterde basym başga hemranyň uçuryljakdygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG