Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rowaç atly taýçanak hökümeti 'umytlandyrdy'; synçylar ‘yrymçy emeldarlary’ tankyt edýär


Türkmen telewideniýesinde Rowaç atly täze doglan taýçanak görkezilýär. "Altyn Asyr" telekanalynyň ekranyndan alnan surat.
Türkmen telewideniýesinde Rowaç atly täze doglan taýçanak görkezilýär. "Altyn Asyr" telekanalynyň ekranyndan alnan surat.

Aşgabatda täze doglan Rowaç atly taýçanagyň kişňeýän sesi 9-njy ýanwarda “rowaçlygyň subutnamasy” hökmünde Türkmenistanyň döwlet teleradiokanallary arkaly ýurt raýatlaryna eşitdirildi.

Ýatlasak, 9-njy ýanwarda Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow prezident Berdimuhamedowa harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan taýçanak sowgat etdi. Prezident oňa “Rowaç” diýip at dakdy.

Döwlet metbugaty bu taýçanagyň “Rowaç” atlandyrylmagyny “Täze ýylda rowaçlygyň subutnamasy” diýip, halka düşündirdi:

“Halkymyzyň uly ruhubelentlik we nurana arzuwlar bilen garşylan Täze ýylynyň ilkinji gününde doglan taýa “Rowaç” diýlip at goýulmagy ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýelejek we täze taryhy eýýamyň şanly wakalaryna baý boljak ýylyň halkymyza rowaçlyk getirjekdiginiň subutnamasyna öwrüldi" diýip, döwlet telewideniýesinde efire berilýän "Watan" habar gepleşiginiň 9-njy ýanwardaky sanynda alyp baryjy aýtdy.

Ondan ozal, 31-nji dekabrda goňur penjekde täze 2019-njy doňuz ýyly bilen türkmen halkyny gutlan Berdimuhamedow gündogar müçenamasyna esaslanyp, doňuz ýyly bolany üçin 2019-njy ýylyň hasyl-bereketli ýyl boljakdygyny çaklady.

Ýurduň syýasatyny yzarlaýan synçylar döwlet baştutany derejesinde hem-de hökümet derejesinde halk arasyndaky ýörgünli ynançlara we yrymlara bil baglap, halka umyt berilmegini tankyt edýär.

Bu barada 15-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna Şwesiýadan telefon arkaly beren interwýusynda türkmen ýazyjysy Akmuhammet Welsapar şeýle diýdi:

“Hökümetiň prezidentiň işi yrym bilen ýa bolmasa hiç hili ynançlar bilen, ýa-da palçynyň pal atmasy bilen baglanyşykly bolmaly däl. Prezident, hökümet halka yryma görä däl-de, ylma daýanýan planlary hödürlemeli, hökümetiň prezidentiň planlary örän real bolmaly, hakykatdan ugur almaly” diýip, Welsapar aýtdy.

Mundan ozal, döwlet baştutany 2018-nji ýyla geçilende-de onuň gündogar müçenamasynda it ýyly atlandyrylmagyndan ugur alyp, ýylyň Türkmenistan üçin oňyn boljakdygyny aýdypdy. Ýöne 2018-nji ýyl ýurduň dürli künjeginde döwlet dükanlarynyň öňünde dörän uzyn un-çörek nobatlary, iýmit önümleriniň gytçylygy we gymmatçylygy bilen ýatda galdy.

Ýazyjy Welsapar ady doňuz bolany üçin hasylly boljakdygy çaklanan ýylda hökümet bugdaý we beýleki önümlerden meýilleşdirilen plany dolup bilmedik ýagdaýynda aýdyljak gürrüňleri çaklady:

“Onsoň, Berdimuhamedow şeýle ýagdaýda näme diýip biler!? ‘Hä, bu doňuz ýyly! Şonuň üçinem hasylymyz bitmedi. Könelerimiz hem aýdypdyr, doňuz bir türkmeniň gowy görýän haýwany däl, iýenogam doňuzy. Şonuň üçin, hasylymyz hem bolmady’ diýse, gelşer durubir” diýip, Welsapar aýtdy.

Ýazyjy täze taýçanaga dakylan at barada öz garaýyşlaryny beýan etdi:

“Ynha, indi şol taýçanaga “Rowaç” diýip at berýär-dä. Bir taýçanak doglupdyr, ynha şu rowaç bolar, rowaçlyk ýyly bolar diýip! Ýene-de şol pal-da, ýene-de şol çaklama!” diýip, ol aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Rowaç atly taýçanagynyň kişňemegini durmuşa geçiriljek asylly işleriň senasyna meňzetdi:

“Täze at goýlan taýçanagyň joşgunly kişňemegi bolsa, il-ýurt bähbitli durmuşa geçiriljek asylly işleriň senasy bolup ýaňlandy” diýip, Türkmenistanyň döwlet kanalynyň “Watan” habarlar gepleşiginiň 10-njy ýanwarda efire goýberilen sanynda alyp baryjy aýtdy.

Prezident 11-nji ýanwarda geçiren hökümet maslahatynda täze taýa bagyşlap ýazan goşgusyny ministrler kabinetiniň agzalaryna okap berdi:

Pederleň tagzym-togaby,

Geçmişiň ertä dowamy,

Kişňeýşiň — arşyň owazy,

Kalbymyň senasy, Rowaç!

Aradan bir gün geçenden soň, 12-nji ýanwarda Aşgabatda döredijilik işgärleriniň öňünde eden çykyşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa prezidentiň taýçanaga bagyşlap ýazan goşgusyny şeýle taryplady.

“Hormatly prezidentimiz özüniň täze ýyldaky ilkinji eserini Rowaç taýçanaga bagyşlady. Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden rowaç atly goşgusy umydyň, hasyl boljak arzuwlaryň, rowaç boljak maksatlaryň, ertirimize bolan beýik ynamyň buşlukçysy hökmünde milionlarça ýürege aýdym bolup ornaşjak döredijilik eserleridir” diýip, Mejlisiň başlygy aýtdy.

Ýazyjy Akmuhammet Welsapar şeýle yrymlara we miflere kynçylga uçralanda bil baglanýandygyny aýdyp sözüni şeýle jemledi:

“Adam haçan miflere, haçan palçynyň sözüne, wadasyna, ýa-da bolmasa yrymlara uýýar!? Haçan-da adam agyr durmuşa uçuranda. Ine, häzir Türkmenistan krizise batdy. Şeýle ýagdaýda geň däl, ýurduň, umuman, tutuş ilatynyňam yryma pala ýatmasy, şol sanda prezidentiň taýçanagyň daşynda aýlanyp ýörmesi, oňa Rowaç diýip at goýup, “şu bize rowaçlyk getirer” diýip, dilege-doga ýatmasy, diňe prezidentiň ýurdy krizisi batyryp, indi hem nädip çykarjagyny bilmäni, pla bilen yrym bilen çykarjak bolýandygyny görkezýär” diýip, häzirki wagtda Şwesiýada ýaşaýan ýazyjy Akmuhammet Welsapar aýtdy.

Goý, 2019-njy ýyl türkmen halkyna, tutuş dünýäniň halklaryna rowaçlyk getirsin!

XS
SM
MD
LG