Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlaryndaky dükanlaryň aýlyk kärende tölegleri ýokarlandy


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň "Mir"bazary

2019-njy ýylyň başyndan başlap, paýtagt Aşgabadyň uly bazarlarynda ýerleşýän dükanlaryň we söwda tekjeleriniň aýlyk kärende tölegleri ýokarlandy.

16-njy ýanwarda Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy paýtagtyň bazarlaryndaky söwda nokatlaryna degişli aýlyk kärende tölegleri barada jikme-jik maglumat berdi.

Habarçy Aşgabadyň uly bazarlarynyň ählisine degişli tölegleri Parahat etrapçasynda ýerleşýän “Parahat” bazarynyň mysalynda gürrüň berdi.

Bu bazarda aglabasynyň tutýan meýdany 16 inedördül metr bolan 100-e golaý dükan ýerleşýär.

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, bazarlardaky dükanlaryň 1 inedördül metrine aýlyk 78 manat kärende tölegi kesgitlendi. Bazarlardaky dükanlar we söwda tekjeleri aýlyk kärende töleglerini bazar administrasiýasyna töleýär.

Bu töleg 2017-nji ýylda 25 manat, 2018-nji ýylda 45 manat diýlip kesgitlenipdi.

“Bu şeýle bolýar, ýagny 16 inedördül metr meýdany tutýan dükanyň aýlyk kärendesi 2017-nji ýylda 400 manat, 2018-nji ýylda 720 manat bolan bolsa, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap bu töleg 1248 manada deň boldy” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, täze tölegler bazar administrasiýasy bilen dükanlary kärendesine alýan adamlaryň arasynda her ýylyň başynda gol çekilýän şertnama girizilip tassyklanyldy.

Habarçy Aşgabadyň bazarlaryndaky dükanlary diňe paýtagtda ýazgyda duran raýatlaryň almaga hukugynyň bardygyny aýtdy:

“Aşgabat şäherine ýazgysy bolan adamlar öz atlaryna dükany resmileşdirýärler, ýöne dükanda satyjy bolup işleýänleriň agalabasy welaýatlardan gelen adamlar. Şonuň üçin welaýatlardan gelen satyjylar hem-ä dükana tölenmeli resmi kärende tölegini tölemeli bolýarlar, hem-de dükan eýesine her aýda pul bermeli bolýarlar” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Ol Aşgabadyň bazarlaryndaky söwda tekjeleriň aýlyk tölegleri baradaky maglumat bilen gürrüňe dowam etdi.

Onuň tassyklamagyna görä, bazarlarda 1 inedördül metr meýdany tutýan söwda tekjesiniň günlük tölegi 4 manada galdy.

2018-nji ýylda bu töleg 3 manada, 2017-nji ýylda bolsa 2 manada deňdi.

Aşgabadyň iri bazarlarynyň hatarynda “Parahat”, “Gülüstan”, “Altyn Asyr – Gündogar”, “Bereketli” atly bazarlar, “Teke” bazary, hem-de “On ýyl abadançylyk” lomaý-söwda bazarlary bar.

Beýleki tarapdan, 15-nji ýanwarda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda ýumurtganyň gytçylygynyň dowam edýändigini habar berdi.

“Ýöne ýumurtga satyn almak üçin dükanlaryň öňünde Täze ýylyň öňüsyrasyndaky ýaly uzyn nobatlar döremeýär” diýip, neşir ýazýar.

Malgumatda aýdylmagyna görä, Aşgabatda bir ýumurtganyň döwlet dükanlaryndaky bahasy 33 teňňe bolup, ol her adam başyna 12 ýumurtgadan köp satylmaýar.

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçiren göçme mejlisinden TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna degişli kömekçi hojalykda saklanýan 50 müň towukdan 2018-nji ýylyň dowamynda 11 million ýumurtga alyndy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG