Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda bu ýyl 2 müň tonna ýokary hilli şaly ekiler, daýhanlar suwdan şikaýat edýär


Illýustrasiýa suraty. Ösüp oturan şaly
Illýustrasiýa suraty. Ösüp oturan şaly

Bu ýyl Türkmenistanyň demirgazyk welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda şalynyň “Nöküs 2”, “Müňbaşy” we “Alenga” atly ýokary hilli sortlary ekiler diýip, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn Asyr” portaly habar berýär.

Maglumatda şalynyň bu görnüşleriniň Daşoguz welaýatynyň howa şertlerine laýyk gelýändigi aýdylýar.

Bellenmegine görä, welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda agzalýan tohumlaryň 2 müň tonnadan gowragy bu ýylyň ekiş möwsümine taýýarlanyldy.

Beýleki tarapdan, mundan ozal Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan daşoguzly şalyçylar welaýatyň ekerançylyk ýerleriniň suw ýetmezçiliginden şikaýat etdi.

Şaly önümçiligi köp mukdarda suwaryş suwuny talap edýär.

Awgust aýynda Azatlygyň welaýatdaky çeşmesi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ekerançylyk ýaplarynyň sakalarynda suwa gözegçilik maksady bilen ýörite garawullaryň goýulýandygyny habar beripdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda ekerançylykda suwaryş suwlary tutulýan döwürde daýhanlar hususy ýerlerini ýaplardan ýörite nasoslar arkaly suw çekip suwarýar.

Azatlygyň çeşmesi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda şaly ekilýän 7 töweregi uly hojalykda kärendeçileriň bir toparynyň kärende ýerleriniň ellerinden alnyp, ol ýerlere “arkaly” adamlaryň şaly ekendiklerini habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şu ýagdaýlar bilen baglylykda 3 daýhan hojalygynyň şalysy suwsuzlykdan gurady we indi galan şaly ekinlerini halas etmek üçin halky gysýarlar. “Şu sebäpden ýaplarda suw ýok” diýip, çeşme Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi.

Azatlygyň welaýatdaky beýleki bir çeşmesiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl Boldumsaz, Akdepe we Ýylanly etraplaryndan ençeme daýhan boş ýatan hususy eýeçilikdäki ýerlere şaly ekdi. Ýöne ýerli häkimiýetler güýçlendirilýän suw gözegçiligine esaslanyp, olara 10 müň manatdan 20 müň manada çenli jerime töletdi. Şeýle-de, olaryň mellek ýerlerine barýan suwuň sakasy buldozer tehnikasy bilen gömülip, ekinleri guradyldy.

Azatlygyň çeşmeleri welaýatyň dört etrabynda geçirilýän bu reýdleriň suw ýetmezçiliginiň barha ýitileşmegi bilen baglanyşyklydygyny, bularyň, hususan-da, ýokary wezipeli adamlaryň we olaryň ýakynlarynyň müňlerçe gektar ýere eken şalysyny wagtynda suwarmak üçin alnyp barylýandygyny gürrüň berdiler.

Türkmen hökümeti soňky ýyllarda ýurduň oba-hojalyk pudagynda düýpli reformalary geçriýändigini aýdýar. Munuň bilen baglylykda, oktýabr aýynda bugdaýyň we pagtanyň satyn alyş nyrhlary ýokarlandy.

Galyberse-de, 7-nji noýabrda geçiren wideo şekilli iş maslahatynda prezident Berdimuhamedow ýurduň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän ýokary wezipeli resmileri bilen bu pudagy maslahat etdi. Maslahatyň netijesinde oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe oba hojalyga degişli nakyllary we atalar sözüni toplamak işini gurnamak boýunça tabşyryk berildi

XS
SM
MD
LG