ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça wekili Zalmaý Khalilzad Owganystandaky dowam edýän 17 ýyllyk urşy parahatçylyk ýollary arkaly togtatmak üçin, “Talybanyň” owgan hökümeti bilen gönümel gepleşikleri geçirmelidigini aýtdy. Jeňçi topary hökümet resmilerini “Amerikanyň güjügi” atlandyryp, bu ugurdaky teklipleri dowamly ret edip gelýär.
Zalmaý Khalilzad bu barada Kabula eden soňky saparynyň dowamynda ýerli media serişdelerine maglumat berdi.
“Parahatçylyk ýolunda ‘Talybanyň’ beýleki owganlar, şol sanda hökümet bilen oturyp gepleşmegi zerurdyr. Munuň bilen ähli regional hyzmatdaşlar hem ylalaşýar” diýip, Khalilzad belledi.
“Talybanyň” wekilleri soňky aýlaryň dowamynda ABŞ resmileri bilen ençeme tapgyr gepleşikleri geçiripdiler. Emma, şu hepde olar Waşingtony gün tertibindäki meseleleri üýtgetmekde we “bir taraplaryn ýagdaýda” täze meseleleri girizmekde aýyplap, gepleşiklerden çykjakdygyny aýdyp haýbat atdy.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !
Gaty gereksiz hereketler, yokardakylaryn habary yokdugam belli, polisiya mhm isgarleri halka zulum etmekden basga isi yok! Ne diyilyan wahabi bar ne diyilyan dowlet adam ucin duzgunler!