Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan bilen Türkmenistan fiber-optiki kabeli çekmek barada maslahatlaşdylar


Kaspi
Kaspi

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň Kaspi deňziniň astyndan Siýazan-Türkmenbaşy ugry boýunça fiber-optiki kabel ýoluny çekip biljekdigi barada “Trend” habarlar gullugy Azerbaýjanyň Transport, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrligine salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, bu barada Bakuwda Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky maslahatda gürrüň edilipdir.

Duşuşyga Türkmenistan tarapyndan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” edarasynyň başlygy, “Türkmentelekom” kärhanasynyň başlygynyň orunbasary dagy gatnaşypdyr.

Maslahatda Owganystany Türkmenistanyň üsti bilen internet bilen üpjün etmek mümkinçilikleri barada hem gürrüň edilipdir. Munuň bilen baglylykda, üç ýurduň gatnaşmagyndaky degişli işçi toparyny döretmek barada ylalaşylypdyr.

XS
SM
MD
LG