Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda Hytaýa garşy protest geçirenlere jerime salyndy


Bişkekda Hytaýyň Gyrygyzystandaky alyp barýan işlerine garşy geçirilen protest. 17-nji ýanwar.

Gyrgyzystanda Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şinjiang sebitinde ýaşaýan musulmanlara garşy Pekiniň alyp barýandygy aýdylýan syýasatyna garşy protest geçirenlere pul jerimesi salyndy.

Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 21 aktiwist jemgyýetçilik düzgünini bozmakda günäli tapylyp, olaryň her birine 3 müň som ($45) möçberinde jerime salnypdyr.

Aktiwistler 17-nji ýanwarda 500 töweregi adamyň Bişkegiň Ala-Too meýdançasynda geçiren ýörişiniň dowamynda tussag edilipdiler. Demonstrantlar Hytaýyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýändigi aýdylýan etniki gyrgyzlara öz goldawyny bildiripdiler.

Protestçiler Gyrgyzystanda bikanun ýaşaýandygy aýdylýan müňlerçe hytaýly migrantlary hem ýurtdan deportasiýa etmäge çagyrdylar.

Daşary işler ministrliginiň wekili käbir aktiwistler bilen duşuşup, Gyrgyzystandaky hytaýly migrantlaryň ählisiniň kanuny ýagdaýda işleýändigini we ýaşaýandygyny aýdypdy. Emma, aktiwistler muňa ynanmakdan ýüz öwürdiler.

Mundan öň, has dogrusy 11-nji ýanwarda gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow çykyş edip, “gyrgyz-hytaý hyzmatdaşlygyna ýaramaz täsir ýetijek bolýanlara garşy kanuny çäreleriň görüljekdigini” duýdurypdy.

Awgustda BMG Hytaýyň “terrorçylyga garşy merkezlerinde” milliona golaý şinjiangly musulmanyň, aglaba uýgurlaryň saklanýandygyny aýdypdy.

BMG başga-da millionlarça adamyň täzeden terbiýeleýiş lagerlerine mejbur edilýändigini belläpdi.

Hytaý bu maglumatlary inkär edýär.

XS
SM
MD
LG