Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Size raýat ýüzlenýär, bizi 'azyk nobatlary' ýaly myş-myşlardan azat edäýseňiz!"


Aşgabatdaky döwlete degişli dükanlaryň biriniň öňünde nobata duran ýaşaýjylar

Hormatly hökümetçi propagandaçylar! Täze ýylyň başlanmagy bilen, siziň dezinformasiýalaşdyrmak işiňiz-de has ýaýbaňlanyp ugrady. Size Garaşsyz Türkmenistan döwletinde doglan, siziň halk üçin 'döredip berýän' ähli 'mümkinçilikleriňiziň' hözirini görüp oturan türkmen raýaty ýüzlenýär!

1. Türkmenportal.com! Siz, tüweleme, alternatiw neşirleri-de okap durýan ekeniňiz, hat-da 17-nji ýanwarda owgan serhedi hakynda habar ýaýratdyňyz. Hormatly Türkmenportal, siz beýle obýektiwçiligiň (hakykadyň) tarapdarlary bolsaňyz, näme üçin 10 ýyl Abadançylykdaky ofisiňizden biraz daşary çykyp, döwlet dükanlarynyň, bankomatlaryň, bank bölümleriniň, Daşary ykdysady bankyň, demirýol we howa wokzalynyň bilet kassalarynyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň öňlerinde uzak günläp nobatlarda duran türkmenistanlylar bilen söhbetdeşlik geçireňzok?! Ýurtda bank-maliýe meselesi ýoga resmi metbugata ýüzlenseňiz. Ýöne welin, "baryp ýatan ýalançy, tendensiýaçy, obýektiw däl" daşary ýurt neşirleri Bagtyýarlyk zamanynda ýaşaýan Türkmenistanda şol bank-maliýe meseleleri örän giň ýaýrady diýýärler, onda-da wideoşekiller hem fotosuratlar bilen üstüni jemleýärler. Emma Türkmenportal - hakykadyň tarapynda ahyryn, şeýle bolsa, onda baş üstüne Daşary ykdysady bankyň edarasyndan reportaž taýýarlaýsyňyz diýýäris, bütin dünýä görsün, nähili ajaýyp, sanly ulgamda bedew bady bilen türkmen Visa kartlary işleýär. Näme üçin şol bank-maliýe meselesini galdyrmaýarsyňyz? Hol Belarusdan iberilen talyp wideolarynyň ýalandygyny ýazgaryň, halka görkeziň bankyň sanly ulgamda aýgytly işleýşini!

2. Arzuwnews! Siz tutuş Türkmenistana we sebite 'fake news'leri ýazgaryjy göreşijiler hökmünde özüňizi tanadýarsyňyz. Ýaňy-ýakynda harbylary we harby hasapda duran rezerwçileriň barlagynyň 'ýalandygyny' 'subut etdiňiz'. Size şeýle teklip bar: gaýrat edip, alternatiw neşirlerde çykýan beýleki habarlaryňam feýkdigini subur edäýseňiz! Meselem, öz habarçylaryňyzy Bilim ministrligine ýollap, biz, okyjylaryňyzy, Türkmenistanda milli azlyklaryň dillerinde näçe sany mekdepde okadylýandygy bilen tanyşdyraýsaňyz. 'Fake news'çy neşirler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň emeldarlary ilatyň 10%-ni (Daşoguz welaýatynyň 30-40%, Lebap welaýatynyň 15%-ni ) tutýan özbek milletiniň ene dilinde okadylýan ýekeje-de mekdep galdyrmadylar, şeýle-de, gazak mekdepler ýapyldy, diňe uly şäherlerde galan rus synplarynda mugallymlar pensiýa ýaşyndan bireýýäm geçip işleýärler diýýärler. Siz, şol feýkleriň ýalandygyny bize açyp görkeziň. Bagtyýarlyk eýýamynda Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň dillerinde okadylýan mekdepleriň bardygyny görkeziň, feýkçileri açyk suwa çykaryň!

3. Infoabad.com! Siz, gadyrdanlaram, 'bolçulygy' görkezjek bolsaňyz, welaýatlary aýlanyp görüň, welaýatlarda halkyň azyk önümlerini nähili, nädip döwlet dükanlaryndan alýanyny görkeziň! Goý, bütin dünýä görsün, biziň Bitarap Watanymyzyň nobatsyz, bolelin önümli, gowy üpjünçilikli, tüýs ilatyň girdejilerine bap gelýän bahalary!

Hormatly propagandaçylar! Size Türkmenistanyň raýaty ýüzlenýär! Sizden haýyş, biziň halkymyzy 'çörek, un, azyk nobatlary', 'bank, bilet, pul nobatlary', 'aeroport, wiza, gara sanaw nobatlary', 'zorlukly syýasy çäreler, birmeňzeş köýnekler', 'ýapyk ýollar, boşan obalar' ýaly myş-myşlardan azat edäýseňiz ! Çünki, biz, her gün döwlet dükanyndaky, wokzaldaky, çäredäki, bankdaky, aeroportdaky, bazardaky nobatlary görüp, şol nobatlarda-da gerek wagtynda durup ýaşap otyrys. Bize şu zatlaryň ýalan feýkdigini açyp görkezmegiňizi haýyş edýärin! ERKIN RAÝAT,

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (7)

Şu forum ýapyk

Men munuň bilen, AÝ/AR-na teswirime gelen jogaby maňa ugratmagy üçin meniň e-mail adresimi ulanmagyna razylyk berýärin

XS
SM
MD
LG