Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow maslahat geçirdi, ýene-de


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmen mediasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene bir iş maslahatyny geçirendigini, onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredilendigini habar berdi.

Ýeri gelende bellesek, penşenbe güni geçirilen wideokonferensiýadan bir gün öň, ýagny 16-njy ýanwarda geçirilen maslahatda hem ýurdy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň programmasynyň taslamasyny taýýarlamak meselesi ara alnyp maslahatlaşylypdy.

Şol bir wagtda, gürrüňi gidýän programmanyň öňkülerden näme bilen tapawutlanjagy aýdyňlaşdyrylmady.

TDH döwlet baştutanynyň, adatça bolşy ýaly, programmalary ylmy esasda taýýarlamagy talap edendigini we wideokonferensiýa gatnaşyjylara “birnäçe anyk tabşyryk berendigini” belleýär.

Penşenbe güni geçirilen wideokonferensiýada obasenagat toplumy, ýaşlary iş bilen üpjün etmek ýaly meselelere hem garalandygy habar berilýär.

XS
SM
MD
LG