Russiýanyň Derňewler boýunça Komiteti geçen aý Magnitogorsk şäherinde ýüze çykan adam heläkçilikli partlama gazyň syzyp çykmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Mundan öň, “Yslam döwleti” ekstremistik topary partlamany özüniň amala aşyrandygyny öňe sürdi.
31-nji dekabrda Magnitogorskda jaýyň agmagy netijesinde 39 adam ölüpdi.
“Derňewçiler betbagtçylygyň ilkinji gününden bäri partlama sebäp bolup biljek ähli mümkinçilikleri seljerýärler. Wakanyň bolan ýerinden alnan galyndylarda partladyjy serişdeleriniň tapylmandygyny bellemelidir” diýip, Derňew komitetiniň metbugat wekili çykyş etdi.