Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Meksikada benzin geçiriji partlamasynda ölenleriň sany 73-e ýetdi


Geçiriji partlamasy. Tlahuelilpan, Hidalgo, 19-njy ýanwar, 2018 ý.

Merkezi Meksikada benzin geçiriji partlamasynda ölenleriň sany 73-e, ýaraly bolanlaryň sany 74-e ýetdi.

Partlamanyň bolan ştatynyň – Hidalgonyň gubernatory Omar Faýad 19-njy ýanwar güni giçlik guralan metbugat ýygnagynda ýangyjyň syzan ýerinden ýene-de bäş jesediň tapylandygyny aýtdy. Bu partlama Meksika şäherinden 85 km çemesi demirgazykda, geçirijiden ýangyç syzan ýerinde boldy.

Geçirijidäki ýangyç syzmasy ýangyç ogrularynyň eden işi bolmasyn diýip güman edilýär.

Ýüzlerçe adam, şol sanda çagalar elleri gaply ýangyç ogurlamaga toplananda, haýsydyr bir sebäpden ýangyn döräp, uly partlama boldy.

Meksikanyň baş prokurory Alejandro Gertz Manero bu iş boýunça derňew geçirilýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG