Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Leningrad gabawy hakyndaky rus komediýasy YouTube saýtynda yzyna dikeldildi


YouTube saýtynda elýeterli bolan wagtynda “Baýramçylyk” komediýasyna 1 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.
YouTube saýtynda elýeterli bolan wagtynda “Baýramçylyk” komediýasyna 1 milliondan gowrak adam tomaşa etdi.

Ikinji Jahan urşundaky Leningrad gabawy hakynda düşürilen gapma-garşylykly rus filmi wideo paýlaşylýan YouTube saýtyndan aýrylyp, soňra yzyna dikeldildi.

"Interfaksyň" maglumatyna görä, filmiň direktory Alekseý Krasowskiý 20-nji ýanwarda polisiýa çagyrylyp, sorag edileninden soň, film YouTube saýtynda gaýtadan peýda boldy.

Filmiň direktory Alekseý Krasowskiý biraz öň feýsbukda “Prazdnik” (“Baýramçylyk”) komediýasynyň YouTube saýtyndan hiç bir düşündiriş berilmezden aýrylandygyny habar berdi.

Krasowskiý bu filmi rus hökümetiniň ýaýratmak ygtyýarnamasyny almak üçin tabşyrmazdan, 3-nji ýanwarda tutuşlygyna websaýtda çap etmek kararyna geldi.

Bu film Orsýetde resmiler we media tarapyndan giňden tankyt edildi, olar onuň gabawyň pidalarynyň mertebesine degýändigini öňe sürdüler.

YouTube saýtynda elýeterli bolan gysga wagtynda “Baýramçylyk” komediýasyna 1 milliondan gowrak adam tomaşa etdi, şeýle-de tomaşaçylar ony goldap, 3 million rubldan gowrak ($45,000) serişde eçildiler.

1941-nji ýylyň sentýabryndan 1943-nji ýylyň 27-nji ýanwaryna çenli aralykda bolan Leningrad gabawy 872 gün dowam etdi.

Bu gabaw mahalynda 1.2 million çemesi asuda adamyň ölendigi aýdylýar. Pidalaryň köpüsi açlykdan we çäresizlikden öldi.

XS
SM
MD
LG