Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetliler dawaly Kuril adalarynyň Ýaponiýa berilmek ähtimallygyna garşylyk bildirýärler


Şikotan adasy, Kuril adalarynyň bir bölegi.

Orsýetliler Moskwada we beýleki şäherlerde dawaly Kuril adalarynyň Ýaponiýa berilmek ähtimallygyna garşy protest bildirýärler.

20-nji ýanwarda Moskwada geçirilen protestler Çepçi front, Hereket partiýasy, Başga Orsýet, Noworossiýa we beýleki çepe gyşaryjy toparlar we milletçi guramalar tarapyndan guraldy we olara häkimiýetler tarapyndan ygtyýar berildi.

Uzak Gündogardaky Habarowsk şäherinde 500 çemesi adam demonstrasiýa çykyp, “Kuril adalary biziňki. Prezident Putiniň hökümeti ýok bolsun” diýen şygarlara gygyrdy.

19-njy ýanwarda Uzak Gündogardaky Sahalin adasynyň Günorta Sahalin şäherinde 300 çemesi adam Kuril adalarynyň Ýaponiýa berilmegine garşy proteste çykdy.

Sowet Soýuzy dört sany günorta Kuril adasyny Ýaponiýadan Ikinji Jahan urşunyň soňky günlerinde basyp aldy.

Bu adalar üstündäki dawa iki ýurduň parahatçylyk şertnamasyna gol çekip, özara duşmançylygy resmi taýdan soňlamagynyň öňüni alyp gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG