Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda prezidentlik ugrunda bäsleşjek 14 dalaşgär hasaba alyndy


Ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi Hanif Atmar prezidentlik üçin bäsleşer.

Owganystanda 20-nji iýulda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna gatnaşjak dalaşgärleri hasaba almak işi 20-nji ýanwarda tamam boldy, bäsleşik üçin 14 kandidat hasaba alyndy.

Dalaşgärleriň arasynda häzirki prezident Aşraf Gani, ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi Hanif Atmar we häzirki baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdulla dagy hem bar.

Gani we Abdullah 2014-nji ýylda köpçülikleýin galplaşdyrma aýyplamalary bilen kölege düşen saýlawlarda deňeçer ses aldy.

Netijede, ABŞ-nyň şol wagtky döwlet sekretary Jon Kerriniň araçylyk etmegi bilen bileleşik hökümetini düzmek ylalaşygyna gelindi, Gani prezident atlandyryldy, Abdylla üçin baş ýerine ýetiriji diýip, täze wezipe döredildi.

Prezident saýlawlary welaýat we etrap geňeşleriniň saýlawlary bilen bir wagtda geçiriler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG