Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýrandaky halas ediş missiýasynyň guramaçysy aradan çykdy


"Argo" filminiň režisýory Ben Afflek (sagda) Merkezi Aňtaw Agentliginiň ozalky işgäri Tony Mendez bilen. 2012 ý.
"Argo" filminiň režisýory Ben Afflek (sagda) Merkezi Aňtaw Agentliginiň ozalky işgäri Tony Mendez bilen. 2012 ý.

1980-nji ýylda Eýrandan ABŞ-ly zamunlaryň çykarylmagyny gurnan Merkezi Aňtaw Agentliginiň ozalky işgäri Tony Mendez Parkinson keseli sebäpli, şenbe güni 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada Mendeziň maşgalasy 20-nji ýanwarda habar berdi.

1979-njy ýylda eýranly rewolýusionerler ABŞ-nyň Tährandaky ilçihanasyny basyp alanlarynda, diplomatlaryň belli bir bölegi arka gapydan çykyp, Kanadanyň Tährandaky ilçihanasynda gizlenmegi başarypdylar.

Mendeziň işläp düzen planyna laýyklykda, Eýrana “Argo” atly filmi düşürmek üçin galp alymlaryň topary ýollanýar. Olar soňy bilen ABŞ-ly diplomatlary toparyň agzalary hökmünde görkezip, Eýrandan çykarmagy başaýarlar.

Mendeziň taýýarlan operasiýasynyň esasynda Hollywood-da “Argo” atly çeper film hem düşürildi. Kino eseri 2013-nji ýylda üç Oskar, şol sanda “iň gowy film” baýragyny hem eýelemegi başardy.

XS
SM
MD
LG