Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ysraýyl Eýranyň Siriýadaky nyşanalaryna zarba urandygyny tassyklady


Ysraýylyň harby tanklary Golan Belentliklerinde. 20-nji ýanwar.

Ysraýylyň harbylary Eýranyň Siriýadaky harby nyşanalaryna garşy hüjüm edendiklerini tassykladylar. Mundan öň, ysraýyl güýçleri Damaskyň Halkara aeroportyna garşy howa hüjümlerini amala aşyrypdylar.

“Biz Siriýanyň territoriýasyndaky Eýranyň Kuds nyşanalaryny urup başladyk. Biz Siriýanyň harbylaryna Ysraýylyň güýçlerine ýa-da territoriýasyna zeper ýetirmekden çetde durmagy duýdurýarys” diýip, Ysraýylyň harbylarynyň beýanatynda aýdylýar.

Beýanatda howa hüjümi bilen baglylykda başga goşmaça maglumat berilmeýär.

Bu aralykda, düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary boýunça Siriýanyň synçy topary howa zarbalarynyň Damaskyň aeroportyna we paýtagtyň eteklerine urulandygyny aýtdy. Hüjümiň nyşanalarynyň Eýran güýçleriniň we Liwanyň şaýy Hizballah söweşiji toparynyň ýarag ammarlarydygy öýdülýän desgalaryň bolandygy aýdylýar. Maglumata görä, hadysada 11 adam ölüpdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG