Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan harby ätiýaçdaky serkerdeleri hasaba almak işlerine baryp noýabr aýynda girişdi


Çagyryş boýunça harby gulluga geçýän esgerler garaşsyzlyk baýramyna bagyşlanan harby parada gatnaşýar, 27-nji sentýabr, 2018-nji ýyl, Aşgabat

Türkmen häkimiýetleri ätiýaçdaky serkerdeleri baryp noýabr aýynda harby wekilhanalara çagyryp, olary hasaba almak işlerine girişdiler. Bu barada Goranmak ministrligindäki çeşme atlandyrylmazlyk şertinde 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

“Ätiýaçdaky harby ofiserlere eýýäm täze ýyl baýramçylygyndan öň taýýar bolmak tabşyryldy. Bu baryp noýabr aýynda başlandy. Hasaba alyş işleri üçin olar harby wekilhanalara çagyryldy hem-de olara asla ýurdy terk etmezlik, mydama öz ýazgyda duran ýerlerinde elýeterli bolmak tabşyryldy” diýip, ýurduň Goranmak ministrligindäki çeşme aýtdy.

Ýatlasak, bir hepde bäri Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary, şeýle-de Goranmak we Içeri işler ministrliklerindäki çeşmeleri Türkmenistanda harby ätiýaçlykdaky raýatlaryň hasaba alynýandygy, olaryň saglyk barlaglaryndan geçirilýändigi barada maglumat berip gelýär.

“Ähli harby wekiliýetlere 50 ýaşa ýetmedik erkekleriň harby gulluga ukybyny barlamak tabşyrygy berildi” diýip, Goranmak ministrligindäki çeşme 14-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna maglumat berdi.

Ol şeýle çäreleriň türkmen-owgan serhediniň howpsuzlyk aladalary bilen baglydygyny aýtdy.

21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde Goranmak ministrligindäki çeşme Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň şahsy düzüminiň mümkinçilikleriniň gözgynydygyny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýurduň ýaragly güýçleriniň şahsy düzümi söweşjeň hereketleri alyp barmaga ukypsyz.

“Harby ýolbaşçylar “Talyban” we beýleki toparlar bilen ylalaşyp, olary “satyn almagyň” biziň üçin iň dogry karar boljakdygyny aýdýar” diýip, çeşme aýtdy.

Ol ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda-da şeýle wehimleriň bolandygyny aýdyp, gürrüňe dowam etdi:

“Bu Nyýazow döwründe-de şeýledi. Ol: “Maňa siziň ýurdy goranyňyz gerek däl, ony özüm goraryn, siz gidiň-de pagta ýygyň, oba hojalyk işleri bilen meşgullanyň” diýerdi. Şeýlelikde ýurduň armiýasy harby türgenleşik bilen däl-de, oba hojalyk işleri bilen meşgul boldy” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Içeri işler ministrligindäki çeşmesi 16-njy ýanwarda gizlinlik şertlerinde beren maglumatynda harby ätiýaçlykda duran raýatlaryň söweşjeň taýýarlygynyň pesdigini gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, diňe bir harby ätiýaçdaky raýatlaryň söweşjeň taýýarlygy däl, eýsem, häzirki wagtda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän gullukçylaryň hem harby taýýarlyk derejesi pes.

9-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen göçme mejlis geçirip, olaryň garamagyndaky şahsy düzümiň maldarçylyk, bagbançylyk we beýleki hojalyk pudagynda alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

TDH-nyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda Döwlet serhet gullugyna degişli kömekçi hojalyklar 1500 gektar meýdanda 100 müňden gowrak bag nahalyny ösdürip ýetişdirýär, gara mallaryň 600-e, dowarlaryň 10 müňe golaýyna ideg edýär.

Türkmen häkimiýetleriniň harby ätiýaçlykdaky raýatlary hasaba almak işlerine noýabr aýynda girişmegi, rus metbugatynda türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygy barada dürli habarlaryň çap edilen wagtyna gabat gelýär. Ýatlasak, Russiýanyň “Nowosti” habar agentligi 14-nji noýabrda GDA ýurtlarynyň Serkerdebaşylar geňeşiniň Gyrgyzystanyň Tokmok şäherinde geçirilen ýygnagyna salgylanyp, türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 16-njy noýabrda beýanat ýaýradyp, türkmen-owgan serhediniň asudadygyny aýtdy.

Şeýle-de, noýabr aýynda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýolbaşçysy Waleriý Semerikow Türkmenistan we Täjigistanyň owgan serhedinde güýçli ekstremist toparyň döremek ähtimallygy barada çykyş etdi.

Noýabr aýynda ätiýaçdaky harbylary hasaba almaga girişmek bilen, görnüşinden, türkmen häkimiýetleri noýabr aýynda çykan bu habarlara biparh galmadyga meňzeýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi harby ätiýaçlykdaky raýatlaryň hasaba alynmagy barada resmi beýanat ýaýratmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG