Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti Germaniýa bilen gatnaşyklaryny gowulandyrmak isleýändigini aýtdy


Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen. 21-nji ýanwar.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurda sermaýa çekmek we tehnologiki hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin, Germaniýa bilen gatnaşyklaryny “täze we belent sepgitlere” ýetirmek isleýändigini aýtdy.

Mirziýoýew bu barada 21-nji ýanwarda Berlinde german kansleri Angela Merkel we beýleki german resmileri bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.

Angela Merkel hem öz gezeginde “Özbegistany ynamly hyzmatdaş” hökmünde görmek isleýändigini aýtdy.

“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça uly mümkinçilikleri görýäris” diýip, Merkel belledi.

Özbek prezidentiniň metbugat edarasynyň beren maglumatyna görä, gepleşikleriň dowamynda syýasat we howpsuzlyk, tehnologiýalar we innowasiýalar, sermaýa, bilim, şeýle-de medeniýet gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça pikir alyşylypdyr.

Saparyň dowamynda Mirziýoýew bilen Merkel ykdysadyýet, söwda, maliýe, bilim, ylym we innowasiýalar pudaklaryna degişli dokuz sany hökümetara dokumentine gol çekdiler.

“Özbegistan adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça konstruktiw dialoga açyk. Mundanam başga, [Özbegistan] jemgyýetçilik pudagynyň işini has aýdyň etmek we ýurtdaky korrupsiýany köki bilen ýok etmek boýunça hyzmatdaşlyga taýýar” diýip, Mirziýoýew belledi.

Uzak wagtlap Özbegistanyň premýer-ministri bolan Mirziýoýew 2016-njy ýylyň sentýabrynda, ozalky awtoritar prezident Yslam Kerimow öleninden soň, häkimiýet başyna geçipdi. Mundan soň, onuň ýurduň goňşulary bilen gatnaşyklaryny gowulandyrandygy, şeýle-de Kerimow döwri köp sanly adam hukuk bozmalaryna ýol berlen ýurtda reformalary amala aşyrmak üçin ädimleri ädendigi bellenilýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG