Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aeroflotyň” uçaryny alyp gaçmakçy bolan ýolagçy tussag edilmedi


Hanty-Mansiýskidäki aeroport.
Hanty-Mansiýskidäki aeroport.

“Aeroflot” howaýollary gullugynyň Sibirdäki Surgut şäherinden Moskwa uçuşy amala aşyrmaly uçarynyň ugruny Owganystana üýtgedilmegini talap eden ýolagçy tussag edilmän, ol uçaryň bortunda galmagyna dowam edýär diýip, Russiýanyň Terrorçylyga garşy Komiteti habar berýär.

Uçar Hanty-Mansiýsk şäherinde adatdan daşary gonuşy amala aşyrdy.

Mundan öň, ýolagçynyň tussag edilendigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

Tussag edilen ýolagçynyň milleti boýunça rusdygy, şeýle-de 41 ýaşyndadygy barada habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG