Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatda it eýeleri dokument barlagyna sezewar edilýär, itleri elinden alynýar


Türkmenistan (arhiw suraty)

Aşgabadyň Parahat-1 we Parahat-2/1 etrapçalarynda kommunal gulluklaryň işgärleri polisiýanyň gatnaşmagynda köçelerde itlerini gezdirýän ýaşaýjylaryň öýünde saklaýan haýwanlaryny elinden alýarlar.

Habarçymyzyň sözlerine görä, soňky bir hepdä golaý wagtyň dowamynda ýüze çykan şeýle ýagdaýlarda polisiýa it eýelerinden haýwanlara degişli dokumentleri talap edýärler.

“Öýsüz itlerden başga-da boýnunda bagy bolanlary hem tutýarlar we olaryň ýanyndaky eýelerinden dokument hem weterinar kitapçalary talap edýärler. Dokumentleriň bolmadyk ýagdaýynda eýeleriň nägileligine we garşylygyna garamazdan, itleri ulagly alyp gidýärler” diýip, habarçymyz 22-nji ýanwarda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, agzalan etrapçalarda şu günler geçirilýän bu çäräni polisiýanyň işgärleri 12-nji we 14-nji ýaşaýyş jaý dolandyryş edaralaryň işgärleri bilen bilelikde amala aşyrýarlar. Barlaglar Nesimi parkynda, ýaşaýyş jaýlaryň we mekdepleriň golaýynda geçirilýär.

Aşgabadyň Parahat-1 we Parahat -2/1 etrapçalarynda bäş sany orta mekdep we üç sany çagalar bagy ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, köçelerde tutulan haýwanlar öldürilýär we şäheriň daşynda zir-zibilleriň eltilýän ýerinde ýakylýar.

Şeýle ýerleriň biri Çoganlydan 5 kilometr uzaklykdaky “Altyn Asyr” Gündogar bazarynyň golaýynda ýerleşýär.​

Aşgabadyň köçelerinde öýde saklanýan itlere degişli dokumentleriň barlanmagy we olaryň öz eýeleriniň elinden zor bilen alynmagy baradaky habarlary Aşgabadyň häkimiýetlerine tassyklatmak we munuň sebäbini anyklaşdyrmak Azatlyk Radiosyna başartmady.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, käbir ýerli ýaşaýjylar Aşgabadyň häkimiýetleriniň it-pişikler babatynda alyp barýan soňky çärelerini raýatlaryň polisiýa üz tutup, köçede gezýän itleriň çagalary gorkuzýandygyndan şikaýat etmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Emma öňe sürülýän çaklamalaryň ýene birinde Aşgabadyň häkimiýetleriniň it-pişikleriň prezidentiň geçýän köçelerinde görünmeginiň öňüni almak synanyşygy bilen baglanyşdyrylýar.

“Haýwanlary tutup äkidýändiklerini günde görýärin. Hususan-da, Garaşsyzlyk seýilbagynda irden bäşde ýa-da ondanam ir polisiýanyň işgärleri we ýörite geýimli köçe süpürijiler uly gykylyk edip, haýwanlary tutýarlar. Adatça muňa 20-30 adam gatnaşýar. Park Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň gündogar tarapynda ýerleşýär. Prezident köplenç Bitaraplyk şaýolundan geçýän hem bolsa, bärde-de günde ätiýaçlyk bilen taýýarlyk görülýär” diýip habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň prezidentiniň paýtagtda hereket etmegi bilen baglylykda günde irden Aşgabadyň 4-5 köçesi ýapylýar.

Şol bir wagtyň özünde-de, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, şu günler ir bilen şäheriň dürli ýerlerinde pişikleriň köçede öli ýatandygyny we maslyklary ýygnaýan eli haltaly köçe süpürijileri görse bolýar.

Munuň bilen bir wagtda-da, aşgabatlylaryň öýlerinde saklaýan pişikleriniň awlanmagyna degişli ýagdaýlar köpeldi.

Aşgabatda köçede öli tapylan öý pişigi
Aşgabatda köçede öli tapylan öý pişigi

Köplenç pişikleri tutan badyna öldürýärler, köpçüligiň gözüniň alnynda, käbir pursatlarda olary goramaga synanyşan ýaşaýjylar hem ejir çekýärler, diýip zorlukly wakalara şaýat bolan habarçylarymyz we söhbetdeşlerimiz habar berýär.

“Ýakyn günlerde Gaudanda iki sany köçe süpüriji we kommunal gulluklaryň bir ýaş işgäri pişikleri öldürdiler. Bir gartaşan zenan pişikleri gorajak boldy. Şol oglan aýalyň kellesine güýçli urdy. Aýal ylgap jaýa girdi we iki goňşusyny kömege çagyrdy, olar zulumkeşe gaýtargy berdiler. Emma polisiýa hüjümçini tapmandygyny aýtdy” diýip, Azatlygy habarçysy bilen söhbetdeş bolan aşgabat ýaşaýjysy aýtdy.

Söhbetdeşimiziň gürrüň beren wakalaryndan ýene birinde Aşgabadyň ýaşaýjysyna tutulan pişikleri halas etmek başardypdyr: “Garryja rus zenany köçe süpürijiniň elinden içine pişik salnan haltany basyp aldy we janawarlary goýberdi. Şonda köçe süpüriji zenan: “Indi men çagalarymy nädip eklemeli” diýip zeýrendi”.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Aşgabadyň köçelerinde soňky günlerde itleriň we pişikleriň gözleginde tigirli aýlanýanlar hem köpelipdir.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG