Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Çilimi hususy dükanlarada satdyrmalyň!"


Türkmenistanda satylýan çilimiň gabyndaky duýduryş. Arhiwden alnan surat.

Meniñ bir düşünmeýân zadym bar. Bir wagytlar adamlar il içinde narkoman adamlary halamazdylar. Planyň oglam agzy aja degipdir diýerdiler. Bizem diýerdik, halamazdyk şolar ýaly adamlary. Indi seredip otursak bizem şol narkomanlardan bolupdurys. Eýsem şeýle dälmi?

Çilimiň bir dänesine 3 manat tölemek bilen. Paçkasy 50-60 manatdan hökümet magazinlerinden başga hemme ýerde satylýar. Indi özüme diýýän ,goýda goýup bilýän bolsaň. Ýöne goýduraýanok. Çagalarmyň agzyndan kesip berýän nälet siňen çilime puly.

Özüme günde iň bolmanda 10 däne gerek. Aýda 15 paçka olam 900 manat bolýar. Aýda ýönekeý tüssä 900 manat berýän adam Narkoman dälde näme bolýar? Edýän gylygymy oňaýlammok, ýöne taşlabam bilemok. Näme indi öleýinmi? Sizde çykalga barmy?

Hökümet magazini çilim satsa(olam aýda 2 gün) aýallardan ýaňa barar ýaly däl. Galan wagty gara bazardan satylýar. Gapdaly bilenem wagty geçen önümleri zor bilen goşup satýarlar. Olaram üssüne 10 manat peýdasyny goýup 40 manada hususy dükanlara satýarlar. Dükanlaram kimsi 50,kimsi 60 manatdan satýarlar.

Geliň hususy dükanlarada sattyrmalyň onda. Aýtjak zadym gaty köp bolansoň haýsyndan başlajagymy bilemok. Alla sizi we spekulýantlary öz bilşi ýaly etsin! Amin.

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Men munuň bilen, AÝ/AR-na teswirime gelen jogaby maňa ugratmagy üçin meniň e-mail adresimi ulanmagyna razylyk berýärin

XS
SM
MD
LG