Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen talyby huligançylyk üçin Belarusdan çykarylýar


Belarus türkmen ýaşlarynyň okuwa gidýän esasy ýurtlarynyň biridir. (Illýustrasiýa suraty)
Belarus türkmen ýaşlarynyň okuwa gidýän esasy ýurtlarynyň biridir. (Illýustrasiýa suraty)

Belarusda 19 ýaşly türkmen talyby, kiçi huligançylyk sebäpli, ýurtdan çykarylýar.

Şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmadyk talyp Täze ýyl gijesi Belarusyň döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda pitardany ýarany üçin, administratiw jogapkärçiligine çekildi. Oňa munuň üçin pul jerimesi hem salyndy.

22-nji ýanwarda uniwersitetiň 5-nji umumy ýaşaýyş jaýynda geçen diňlenişikde türkmenistanly talyby ýurtdan çykarmak barada karar edildi. Oňa munuň üçin 30 gün berildi, şeýle-de Belarusa üç ýylyň dowamynda girmek gadagan edildi.

Belarus türkmen ýaşlarynyň okuwa gidýän esasy ýurtlarynyň biridir. 2017-nji ýylda bu ýurtda 9 müň töweregi türkmen talybynyň bilim alýandygy barada maglumatlar peýda bolupdy.

XS
SM
MD
LG