Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Wenesuelanyň oppozisiýa liderini goldaýar, Russiýa protest bildirýär


Juan Guaido
Juan Guaido

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Wenesuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaidony prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijisi hökmünde ykrar edýändigini aýtdy. Mundan soň, Günorta Amerika ýurdy Waşington bilen diplomatiki gatnaşyklaryny kesdi.

Oppozisiýanyň ýolbaşçylygyndaky Milli Assambleýnyň prezidenti Guaido 23-nji ýanwarda Karakasda özüni prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji diýip yglan etdi. Şol bir wagtda, ýurt boýunça onlarça müň adam sosialist prezident Nikolas Maduro garşy ýöriş geçirdi.

Kanada, Braziliýa, Argentina we Kolumbiýa hem Guaido öz goldawyny bildirdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Donald Tusk özüniň Twitter hasabynda “Men ähli Ýewropanyň Wenesueladaky demokratik güýçlerini goldajakdygyna umyt edýärin” diýip, ýazgy galdyrdy.

“Madurodan tapawutlylykda parlament assambleýasy, şol sanda Juan Guaido Wenesuelanyň raýatlaryndan demokratik mandata eýe boldy” diýip, Tusk belläp geçdi.

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem Maduro garşy geçirilýän protestleri goldady.

“2018-nji ýylyň maýynda Nikolas Maduronyň kanuny bolmadyk ýagdaýda saýlanmagyndan soň, Ýewropa demokratiýanyň täzeden dikeldilmegini goldaýar” diýip, Makron Twitter hasabynda hem fransuz hem-de ispan dillerinde ýazgy galdyrdy.

Bu aralykda, Russiýa Guaidonyň çykyşyny ret edip, ABŞ-nyň krizis babatyndaky hereketlerini tankytlady.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Guaidonyň “häkimiýeti zor bilen basyp aljak bolýandygyny”, munuň hem halkara kanunçylygyna çapraz gelýändigini öňe sürdi. Şeýle-de, ol Kremliň “daşary ýurt döwletleriniň” beýanatlaryna alada bildirýändigini sözüne goşdy.

Mundan öň, Russiýanyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Wenesueladaky hereketleri Günbataryň halkara kanunçylygyna nähili çemeleşýändigini görkezdi diýip, çykyş etdi.

Wenesuelanyň polisiýasy hökümete garşy protestçilere garşy göz ýaşardyjy gazy ulandy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Maduronyň häkimiýeti döwri Russiýanyň Wenesuela bilen ýakyn gatnaşyklary bolupdy. Moskwa harby türgenleşiklere gatnaşmak üçin Günorta Amerika döwletine ýadro ýaragyny daşamaga ukyply özüniň iki sany strategiki uçaryny hem ýollapdy.

Soňky ýyllarda, Wenesuela Russiýadan millionlarça dollarlyk harby serişdeleri hem satyn alypdy.

Wenesuelanyň goranmak ministri Wladimir Padrino Lopez Twitter hasabynda ýurduň harby güýçleriniň Guaidony ykrar etmeýändigini ýaňzadyp, ýazgy galdyrdy.

“Ata-watanymyzyň esgerleri daşary bähbitler tarapyndan goýlan we öz-özüni bikanun ýagdaýda yglan eden prezidenti ykrar etmeýärler. Ýaragly güýçler Konstitusiýanyň goragydyr, şeýle-de olar milletiň özygtyýarlygynyň kepilidir” diýip, ministr ýazgy galdyrdy.

Paýtagtdan gelip gowşan suratlarda we wideolarda demonstrantlaryň Milli Gorag howpsuzlyk güýçlerine garşy durýan pursatlaryny synlasa bolýar.

Ýurtda Madurony goldap, protestlere garşy demonstrasiýalar hem gurnaldy.

Maduro geçen ýyl hem ýurduň özünde, hem-de daşynda bikanun diýlip häsiýetlendirilen saýlawlarda gaýtadan prezident saýlanypdy.

Trampyň ykrar etmesine jogap edip, Maduro Waşington bilen diplomatiki gatnaşyklaryny kesýändigini aýdyp, ABŞ-nyň ähli diplomatik işgärlerine ýurdy 72 sagadyň içinde terk etmäge görkezme berdi.

Emma, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Maduronyň indi diplomatik gatnaşyklary kesmäge ygtyýarynyň ýokdugyny, şeýle-de Waşingtonyň Guadionyň geçiji hökümeti bilen gatnaşyklaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Maduro 2013-nji ýylda Hugo Çawez ölenden soň, häkimiýet başyna geçipdi. Ol adam hukuk bozmalarynda we ýurduň ykdysadyýetini çökermekde aýyplandy.

Üç milliona golaý adam Wenesuelany terk etdi. Şeýle-de ýurtda derman we azyk gytçylygy döredi.

XS
SM
MD
LG