Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Ýanukowiçi 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Wiktor Ýanukowiç
Wiktor Ýanukowiç

Ukrainanyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Wiktor Ýanukowiçi, 2014-nji ýyldaky demonstrasiýalary basyp ýatyrmak synanyşyklary bilen baglylykda, dönüklikde günäli tapyp, gaýybana 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Mundanam başga, Ýanukowiç “Ukraina garşy agressiw urşuň alnyp barylmagyna gatnaşma” diýen aýyplama boýunça hem günäli tapyldy.

Şol bir wagtda, ol “Ukrainanyň özygtyýarlygyny we çäk bitewiligini zorlukly üýtgedilmegi boýunça hereketleri alyp barmakda” bildirilen aýyplama boýunça aklandy.

Ýanukowiç 2014-nji ýylyň fewralynda “Maýdan” diýlip hem bilinýän protest hereketlerinden soň, häkimiýetden çetleşdirilipdi. Protestler Ýanukowiçiň Ýewropa Bileleşigi bilen baglaşylmaly şertnamadan ýüz öwrüp, Moskwa bilen has ýakyn gatnaşyklary isleýändigini aýdandan soň döräpdi. Şol protestlerde howpsuzlyk güýçleri bilen çaknyşyklarda 100-den hem aşa adam öldürilip, 2 müň 500 töweregi hem ýaralanypdy.

Mundan soň, Russiýa gaçan Ýanukowiç özüne bildirilen üç aýyplamany ret etdi. Onuň aklawçylary sud diňlenişiginiň “döwletiň basyşy astynda geçendigini” aýdyp, suduň hökümine şikaýat etjekdiklerini aýtdylar.

Ýanukowiç Russiýa gaçandan soň, Moskwa Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp aldy. Şeýle-de, Kreml Ukrainanyň gündogaryndaky ýagdaýlary öjükdirip, separatistleri goldap başlady.

XS
SM
MD
LG