Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Şwesiýa rus harby uçarlarynyň ýurduň howa giňişligini bozandygyny aýdýar


Russiýanyň IL-20 aňtaw uçary.

Şwed harbylary Russiýanyň bir aňtaw we iki harby uçarlarynyň Şwesiýanyň howa giňişligini gysga wagtlyk bozandyklaryny mälim etdiler.

Şwesiýanyň Ýaragly güýçleriniň 24-nji ýanwarda ýaýradan beýanatyna görä, 19-njy ýanwarda IL-20 we iki sany Su-27 kysymly uçarlary Şwesiýanyň günortasyndaky Karlşman şäheriniň üstünden uçupdyrlar.

Beýanatda rus uçarlarynyň ýurduň howa giňişligine hiç hili duýduryşsyz girendigi, şeýle-de bu hadysa boýunça şwed hökümetine habar berlendigi aýdylýar.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hadysany inkär edýär.

“Ähli uçuşlar howa giňişliginiň ulanylmagyny kadalaşdyrýan halkara düzgünleriniň çäginde amala aşyrylýar” diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Bu hadysa Baltik deňzi regionyndaky harby hereketleriň barha artýan döwrüne gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG