Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berlinde ‘A.Hitler’ golly suratlar galp bolmakda şübhelenip ele salyndy


Germaniýanyň polisiýasy. (Illýustrasiýa suraty)
Germaniýanyň polisiýasy. (Illýustrasiýa suraty)

Germaniýanyň polisiýasy Adolf Gitleriň çekendigi aýdylýan üç suratyň galdpygyny aýdyp, olary ele geçirdi.

Suratlar 24-nji ýanwarda Berliniň auksionynda satuwa çykarylmalydy.

Berliniň polisiýasy suratlaryň mümkin galplyk barlaglaryny geçirmek üçin, Kloss Auksion Öýünden alnandyklaryny aýtdy.

Gürrüňi gidýän peýzaž eserleri 1910-1911-nji ýyllara degişli bolup, olaryň aşagynda “A.Hitler” ýazgyly gol çekilipdir.

Auksiondan öň, Kloss auksionynyň metbugat wekili bu suratlaryň sungat eseri hökmünde hiç hili gymmadynyň ýokdugyny aýtdy.

Gitler syýasata baş goşup, nasistik partiýasynyň başyna geçip, Holokost döwri alty milliondan hem aşa ýewreýi öldürmezinden ozal, suratkeş bolmaga ymtylypdy.

XS
SM
MD
LG