Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Wenesuelanyň häkimiýetde galjak bolýan liderine goldaw bildirdi


Nikolas Maduro hökümeti goldap geçirilýän ýörişe gatnaşýar. 23-nji ýanwar.
Nikolas Maduro hökümeti goldap geçirilýän ýörişe gatnaşýar. 23-nji ýanwar.

Wenesuelada oppozisiýa ýolbaşçysy özüni prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijisi diýip yglan edenden soň, rus prezidenti Wladmir Putin wenesuelaly kärdeşi Nikoas Maduro jaň edip, özüniň “goldawyny” bildirdi.

Moskwa 24-nji ýanwarda Maduronyň garşydaşy Juan Guaido goldaw bildiren daşary ýurt güýçlerini hem ýazgardy.

Guaidonyň herketi ABŞ, Kanada, şeýle-de käbir Latin Amerika we Ýwropa döwletleri tarapyndan ykrar edildi.

Russiýa, Hytaý, Eýran, Siriýa, Kuba we Türkiýe Madurony goldap çykyş etdiler.

Maduro häkimiýet başyna 2013-nji ýylda, Hugo Çaweziň ölüminden soň geçipdi.

Maduro 2018-nji ýylyň maýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň, mundan iki hepde ozal ikinji möhlete kasam getiripdi. Ses berilişik oppozisiýa wekilleri tarapyndan boýkot edilip, onuň dowamynda galplyklaryň bolandygy hem öňe sürüldi.

XS
SM
MD
LG