Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bellingcat açyk-derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy


Türkmenistanyň harby gullukçylary harby parada gatnaşýar, 27-nji sentýabr, 2018-nji ýyl

Rus we iňlis dillerinde derňew maglumatlaryny taýýarlaýan Bellingcat açyk-derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy.

Neşir Ýewropa Bileleşiginiň ýyllyk hasabatlaryna salgylanyp, 2007 – 2017-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Bileleşikden 340 million ýewrolyk ýarag satyn alandygyny habar berýär. Munuň 76 prosentiniň, ýagny 257 million ýewrolyk ýaragyň Italiýadan satyn alnandygyny aýdyp, neşir Italiýanyň Türkmenistanyň iň esasy ýarag üpjünçisine öwrülendigini ýazýar. “Köp ýurt eksport edýän ýaraglarynyň nämelerden ybaratdygy barada Ýewropa Bileleşigine hasabat berýär, ýöne Italiýa hasabat bermeýär” diýip, Bellingcat aýdýar hem-de çap eden uly göwrümli maglumatynda muny delillendirmäge synanyşýar.

Ýewropa Bileleşigine agza döwletleriň arasynda öz raýatlaryna basyş edýän ýurtlara ýarag satmazlyk boýunça ylalaşyk hereket edýär. Şeýle-de, italian kanunçylygynda-da adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalara eýermeýän hökümetlere ýarag satmaklyk gadagan edilýär.

“Göräýmäge, agzalýan ylalaşyk-da, gürrüňi edilýän italiýan kanunçylygy-da Türkmenistana degişli ýaly. Türkmenistanyň hökümeti islendik alternatiw syýasy we dini garaýyşlary rehimsiz jezalandyrýar hem-de ýurtda maglumat elýeterliligini doly gözegçilikde saklaýar” diýip, Bellingcat ýazýar. Bu ýagdaýlar boýunça Human Rights Watch, Reporters Without Borders, Transparency International ýaly hukuk toparlarynyň hasabatlaryna salgylanýar.

Bellingcat Italiýanyň Türkmenistana satan ýaralaryny Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, hem-de bu ministrligiň binýadyndaky Gümrük gullugynyň dokumentlerine, şeýle-de Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen harby paradlaryň hem-de harby tälimleriň wideo maglumatlaryna esaslanyp anyklady.

Neşir derňew işinde ulanan metodologiýasyny giňişleýin düşündirýär.

Açyk-derňew saýtynyň maglumatlaryna görä, 2011-nji ýylda Italiýanyň Beretta ýarag öndüriji kompaniýasynyň öndüren umumy bahasy 3.87 million ýewrolyk ARX-160 kysymly hüjüm tüpeňleri, şol sanda olaryň 3470 sany ätiýaçlyk şaýy Türkmenistana eksport edildi. 2018-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen harby paradda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň dürli birikmeleri bu ýaragy göterip paraddan geçdi.

Türkmen harbylary Beretta ARX-160 kysymly tüpeňleri göterip paraddan geçýär
Türkmen harbylary Beretta ARX-160 kysymly tüpeňleri göterip paraddan geçýär

Derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana 2013-nji ýyldan soňky ýarag eksportlaryny derňemegiň has kyn bolandygyny aýdýar.

2017-nji ýylda Italiýanyň Beretta ýarag öndüriji kompaniýasy Türkmenistana ýene-de 300 sany umumy bahasy 528 müň 360 ýewrolyk ARX-160 kysymly tüpeň satýar.

Şeýle-de, neşir Italiýanyň Daşary işler ministrliginiň söwdasyna 2015-nji ýylda ygtyýar beren, 51614 ygtyýar belgili umumy bahasy 4 million 210 müň ýewrolyk ýaragyň Türkmenistana eksport edilip edilmändigini öwrenmäge synanyşýar. Derňewçiler bu ygtyýar belgä degişli tölegiň geçirilmändigini çaklaýar.

Italiýanyň daşary işler ministrligi 2011-nji ýylda Berettanyň öndüren PX4 kysymly 9x19mm kalibrlyk 120 sany pistoletiň Türkmenistana satylmagyna rugsat berýär. Ýaraglar 2011 we 2012-nji ýyllarda Türkmenistana ýerlenýär. Bu pistoletlar 2018-nji ýylyň 10-njy awgust güni Balkan welaýatynyň “Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda geçirilen harby türgenleşikde ulanyldy” diýip, neşir Türkmenistanyň döwlet telewideniýesine we TDH-nyň maglumatyna salgylanýar.

Harby tälimde Berettanyň PX4 pistoletlaryny ulanýan harbylar döwlet telewideniýesinde görkezildi
Harby tälimde Berettanyň PX4 pistoletlaryny ulanýan harbylar döwlet telewideniýesinde görkezildi

“2018-nji ýylda Garaşsyzlyk güni geçirilen paradda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Döwlet Serhet gullugyna degişli 2 sany AW-109 kysymly hem-de 2 sany AW-139 kysymly dikuçarlar Aşgabadyň Garaşsyzlyk meýdançasynyň üstünde uçuryldy” diýip, derňew saýty ýazýar.

Onuň maglumatlaryna görä, çägesöw ýaşyl reňkli AW-139 kysymly dikuçarlar Akdepe harby howa bazasynda-da ýygy-ýygydan göze ilýär. Derňewçiler muňa subutnama hökmünde dikuçarlaryň emeli hemra arkaly düşürilen suratlaryny delil görkezýär.

Döwlet telewideniýesi AW-109 we AW-139 kysymly dikuçarlary görkezdi
Döwlet telewideniýesi AW-109 we AW-139 kysymly dikuçarlary görkezdi

Neşiriň ýazmagyna görä, Italiýanyň daşary işler ministrligi 2011-nji ýylda Leonardo kompaniýasynyň binýadyndaky AgustaWestland kompaniýasyna AW-139 kysymly harby maksatlara niýetlenen bahasy 64 million ýewrolyk dikuçarlary Türkmenistana satmaga ygtyýar berýär. Ýöne maglumata görä, Türkmenistan Italiýadan diňe AW-139 satyn almaýar, eýsem AW-109 kysymly dikuçarlary hem satyn alýar, ýöne derňewçiler Italiýanyň daşary işler ministrliginden, ýa-da beýleki degişli döwlet edaralaryndan bularyň söwdasyna degişli ygtyýarnamalary özleriniň tapyp bilmändiklerini aýdýar.

“Ýöne bu dikuçarlaryň hem Türkmenistanyň Howa güýçlerinde bardygy barada ep-esli subutnama bar” diýip, neşir ýazýar.

AW-109 kysymly harby kamuflýažly dikuçarlar ilkinji gezek 2016-njy ýylyň Garaşsyzlyk güni Aşgabatda geçirilen harby paradda görkezilýär. Derňewçiler subutnamalara esaslanyp, Türkmenistanyň satyn alan AW-109 kysymly dikuçarlaryna soňundan raketa atyjy enjamlary oturdandygyny aýdýar.

Prezident Berdimuhamedow raketa atyjy enjam oturdylan AW-109 dikuçaryny barlaýar
Prezident Berdimuhamedow raketa atyjy enjam oturdylan AW-109 dikuçaryny barlaýar

2011-nji ýylda Italiýanyň Daşary işler ministrligi bahasy 103 million ýewrolyk AW-101 kysymly dikuçarlaryň Türkmenistana satylmagyna rugsat berýär. Leonardo kompaniýasynyň 2013-nji ýylyň aprel aýynda çap eden beýanatynda degişli dikuçarlaryň Türkmenistana ýerlenendigi tassyk edilýär.

Şeýle-de Bellingcat Türkmenistanyň Harby deňiz güýçlerine niýetläp, Oto Melara kompaniýasyndan gämilere oturdylýan asmana atyjylary satyn alandygyny aýdýar. Muňa mysal edip, Türkmenistanyň Harby deňiz güýçleriniň hasabyndaky, “Arkadag”, “Erkana”, “Asuda”, “Hüşgär” we “Synmaz” atly gämileri we olaryň depesinde oturdylan asmana atyjylary görkezýär. Italiýanyň Daşary işler ministrligi 2011-nji ýylda Oto Melara kompaniýasyna Türkmenistana bahasy 7 million ýewro töweregi bolan gämilere oturdylýan puşkalary satmaga ygtyýar berýär.

Prezident Berdimuhamedow harby uçary barlagdan geçirýär. Döwlet telewideniýesinden alnan surat.
Prezident Berdimuhamedow harby uçary barlagdan geçirýär. Döwlet telewideniýesinden alnan surat.

Neşir Türkmenistanyň Alenia C-27J Spartan hem-de Alenia Aermacchi M-346 Master kysymly has çylşyrymly harby howa gämilerini satyn alandygyny aýdýar. Muňa subutnama hökmünde, 2018-nji ýylyň 3-nji maýynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesinde görkezilen wideo şekilleri görkezýär. Onda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow agzalýan harby uçarlary barlap görýär.

Derňewçi saýt Türkmenistan bilen Italiýanyň harby tehnika önümçiligine degişli kompanýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň dowam edýändigini aýdýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrligi Bellingcat açyk-derňew saýtynyň çap eden maglumatlaryna dessine reaksiýa görkezmedi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG