Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Özbegistan bank galplyklarynda aýyplanýany Gazagystana ekstradisiýa etdi


Muhtar Ablýazow

Özbegistan maliýe galplyklarynda aýyplanýan şahsyýeti goňşy Gazagystana ekstradisiýa etdi.

Gazagystanyň Baş prokuraturasynyň beren maglumatyna görä, Artur Trofimow 2005-2009-njy ýyllar aralygynda gazak BTA bankyndan uly mukdarda pullary ogurlamakda we beýleki maliýe gaplyklarynda aýyplanýar.

Raýatlygy aýdyňlaşdyrylmadyk Trofimow guramaçylykly jenaýat toparyny döretmekde we oňa ýolbaşçylyk etmekde hem aýyplanýar.

BTA bankynyň ýolbaşçysy gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ýiti tankytçylarynyň biri Muhtar Ablýazow bolupdy. Ol ýurtdan gaçyp çykyp, häzir Fransiýada ýaşaýar.

2017-nji ýylda gazak sudy Ablýazowy maliýe galplyklarynda, wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda we jenaýatçylykly toparyny döretmekde aýyplap, gaýybana 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edipdi.

Başga bir iş boýunça, 2018-nji ýylyň noýabrynda Ablýazow 2004-nji ýylda TuranAlem bankynyň başlygyny öldürmekde günäli tapylypdy. Gürrüňi gidýän bank soňy bilen BTA diýlip atlandyrylyp başlandy. Bu iş boýunça Ablýazowa ömürlik türme tussaglygy berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG