Eýranyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi Tähranyň özüniň raketa ulgamynyň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy.
Mundan öň, Tähran Fransiýanyň we Günbataryň beýleki döwletleriniň Eýranyň ballistik raketalary boýunça edýän basyşlaryny ret edipdi.
“Eýranda harby raketalarynyň gerimini giňeltmek boýunça hiç hili ylmy ýa-da iş ýüzündäki çäklendirmeleri ýok. Emma, goranmak doktrinasyna laýyklykda, biz raketalaryň takyklygyny artdyrmak ugrunda iş alyp barýarys. Olaryň gerimini giňeltmek barada gürrüň edilmeýär” diýip, Eýranyň Howpsuzlyk boýunça Milli Geňeşiniň sekretary Ali Şamkhani çykyş etdi.
2017-nji ýylda Eýranyň Rewolýusiýa sakçylarynyň başlygy Mohammad Ali Jafari ýurduň ballistik raketalarynyň geriminiň 2 müň kilometre çenli çäklendirilendigini aýdypdy.
Fransiýanyň daşary işler ministri geçen hepde çykyş edip, eger-de raketa programmalary boýunça öňegidişlikler gazanylmasa, onda Parižiň Tährana garşy goşmaça sanksiýalary girizmäge taýýardygyny aýdypdy.
ABŞ we beýleki Günbatar döwletleri Tähranyň ýadro ýaragyny daşamaga ukyply raketalary özleşdirýändigini çaklaýarlar.