Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Washington Post: Russiýa Demirgazyk Koreýa ýadro-elektrik desgasyny gurup bermegi teklip etdi


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Hwasong-12 kysymly raketanyň uçurylyşyna syn edýär. 2017 ý.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un Hwasong-12 kysymly raketanyň uçurylyşyna syn edýär. 2017 ý.

“The Washington Post” neşiriniň berýän maglumatyna görä, rus resmileri Demirgazyk Koreýanyň ýarag programmasyndan el çekmeginiň öwezine, ýadro-elektrik desgasyny gurup bermegi teklip edipdir.

Neşir ABŞ-nyň anonim bir çeşmesine salgylanyp Moskwanyň bu baradaky teklibini mundan birnäçe aý ozal edendigini aýdýar. Maglumata görä, ABŞ-nyň aňtaw gulluklary bu barada 2018-nji ýylyň aýagynda habarly bolupdyrlar.

Makalada bellenilşi ýaly, Russiýa desgany gurmagy we dolandyrmagy öz üstüne alýar, şeýle-de Phenýanyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak üçin, desganyň galyndylaryny Russiýa daşamaga borçlanýar.

Ak Tam bu barada bata-bat kommentariýa bermedi.

Russiýanyň Demirgazyk Koreýadaky ilçisi bu maglumatlary inkär etdi.

XS
SM
MD
LG