Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bäş ýadro döwletleri Pekinde duşuşýarlar


Dünýäniň ýadro ýaragly bäş döwletiniň wekilleri Pekinde gepleşik geçirýärler. 30-njy ýanwar.
Dünýäniň ýadro ýaragly bäş döwletiniň wekilleri Pekinde gepleşik geçirýärler. 30-njy ýanwar.

Dünýäniň ýadro ýaragly bäş döwletiniň wekilleriniň Pekinde geçirýän duşuşygynyň dowamynda, ABŞ Russiýadan we Hytaýdan özleriniň ýadro programmalary dogrusynda has köp açyklygy sorady.

Iki günlük konferensiýanyň dowamynda ýadro ýaraglarynyň proliferasiýasynyň, ýagny möçberiniň artdyrylmagynyň öňüni almak maksat edinilýär.

Pekiniň, Moskwanyň we Waşingtonyň wekillerinden başga-da, konferensiýa Londonyň we Parižiň hem resmileri gatnaşýarlar.

Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Russiýa we Birleşen Ştatlary BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolup, olaryň ählisi-de ýadro ýaragyna eýedir.

Maslahat ABŞ bilen Sowet soýuzynyň 1987-nji ýylda baglaşan Orta aralyk ýadro güýçleri, şeýle-de INF diýlip bilinýän ylalaşygynyň ýatyrylmak howatyrlarynyň fonunda geçirilýär.

XS
SM
MD
LG