Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela oppozisiýa liderine syýahat gadagançylygyny girizdi


Wenesuelanyň häkimiýet başynda galmakçy bolýan prezidenti Nikolas Maduro.
Wenesuelanyň häkimiýet başynda galmakçy bolýan prezidenti Nikolas Maduro.

Wenesuelanyň Ýokary sudy oppozisiýa lideri Juan Guaido garşy syýahat gadagançylygyny girizdi we onuň bank hasaplaryny doňdurdy.

Geçen hepde 35 ýaşly Guaido özüni geçiji prezident hökmünde yglan edipdi.

Birleşen Ştatlary we beýleki döwletler prezident Nikolas Madurony bikanun prezident atlandyryp, Guaidony goldadylar.

ABŞ ýurduň çöken ykdysadyýetiniň esasy girdeji çeşmesi bolan döwletiň eýeçiligindäki PDVSA nebit kärhanasyna garşy sanksiýalary girizipdi.

29-njy ýanwarda Wenesuelanyň baş prokurory Guaidony daşary güýçleriň ýurduň içerki syýasatyna goşulmagyna ýardam bermekde aýyplap, Ýokary suddan ony derňemegi sorady.

Ak Tamyň howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jon Bolton bolsa, “demokratiýany syndyrmak we Guadio zyýan ýetirmek synanyşyklarynyň agyr netijeleriniň boljakdygyny” duýdurdy.

XS
SM
MD
LG