Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Men daşary ýurtda okaýan çagama pul goýbermek isleýärin!"


Bank nobatlary. Arhiw suraty
Bank nobatlary. Arhiw suraty

EÝ, ARKADAG: “MEN DAŞARY YURTDA OKAÝAN ÇAGAMA PUL GOÝBERMEK ISLEÝÄRIN”

Eý Arkadag, Meniň çagam daşary yurtda okaýar köpden bäri, nätjek göwün isleýär Türkmenistanda okap goýyn bolyp çärä gidip, ýagşyň garyň aşagynda çarpyk çalyp “ARKADAGA ŞÖHRAT” diýip soňra-da öýe syrkowlap gelsin, gezsin emma biziň onça pulymyz ýok, haram pul bermäne şonuň üçin daşary ýurda goýberdik iň azyndan biziňkiden has gowy gelejegi bolsun diýip...

Şul Wisa kart belasy hem-de Dollaryň gara bazardaky bahasy artanlygy sebäpli men näçe aýdan bäri öz çagama pul goýberip bilemok...Öňler beýle däldi arkaýyn abetdan soňra barsamda Western uniona pul salyp bilýärdim bez oçyrdsyz kän adam bolmaýardy...

Türkmenbaşy bankda Türkmenbaşy şahamçasynda näçe günläp oçyrda dursamda hergün gelsem-de banka haçan barsam bankdaky gyzlar bugün set (network) işlänok Aşgabatda set ýok diýip bizi aldap goýbärýärler, arka tarapda bolsa aýnanyň arkasynda öz tanyşlaryňkyny, garyndaşlaryňkyny ýa-da pul berdirip wzýatka berdirip salýanlaryňkyny komputerda edýär işlerini amala aşyrýar, aýnanyň arkasynda görülip dur ahryn hemme zat bizem samsyk ýa-da goýun däl ahryn...

Men garaşyp durkam beýleki aýallaram gelip “Meniň 2 çagam Hytaýda okaýar näçe aýlap menem pul salyp bilemok ol näme açlykdan ölmelimi indi” diýip olam zeýrenýärdi...

Soňra öwrendim indi Türkmenbaşy banka diňe wzýatka haram pul berip Western Uniona şeýdip pul salyp bolýandygyny , tanyşyn bolmasa ýa ýokarrakdan birine jan “ALO” etdirmeli ýada pul bermeli...Özlerem 200$ limit goýýarlar her aý,(aslynda bolmalysy 500$ western we 500$ Wisa kart, jemi 1000$) onyňam 15$ kesip alyp galýar, gyzym eline alýany 185$ şonam köp görýärlerda, onsaň 200$ saldyrjak bolsaň her 100$”a 1mln köneden ýagny täzeden 200manat bankdaky otyrranlara wzýatka bermeli ýagny jemi 400 manat täzeden bermeli...

Men hökmetde edrasynda işleýän firmada işläp Dollardan 2000-4000$ aýlyk (Dragonoil,Petronas) alamok bärde Balkanda alýanlar bar, Meniň alýan aýlygymyň 5mln köneden, onsoň onyň 3500mlny çagama Western uniondan saljak bolsam galan 1500mlnyň üstüne ýenede pul goýyp wzýatka harama el goşmaly bolýan nätjek başga çäre goýmadylar...Onsaň ol aýlyga sen iýjekmi, içjekmi, çagana pul goýberjekmi, ýada öýüň hergün artýan gaz,tok, suw pulyny tölejek mi?

Ýadadym indi takadym, güýjüm galmady jydap bilemok indi...

Atdanam düşen wideoňyzy hemme dünýä seretdi, näçe gadagan edip Youtubey ýapsaňyzda bütün dünýä bilýär Diktatorlygyňyzy, atam öz üstünde Diktatory daşasy gelenok, onsoň halk nähili çydasyn size ?

Sen Prezident mi? Gahryman my? Model my?... Olara gezek gelende BMG-yň Başlyk we Sekretaryna eňilip başyňy eňip salam berýäň, ýalakalyk edip bize öz seslerini bize bersin diýip edýän...

Ol zatlaram meniň gözümden gaçanok!!! Eýsem bul my halkyň hal ýagdaýyny gowylaşdyrmak diňe Aşgabatda kaşaň mermerli jaýlar salýaňyz, beýleki welaýatlarda hiçzat edilenok hemme 4 welaýat diňe Aşgabat üçin işleýar, diňe Aşgabatlylar gowy ýaşaýar galan welaýatlarda diňe kösenmeçilik...

Öň Türkmenbaşy şäherinden daşary yurda Istanbula, Moskowa uçyp bolýardy , indi hemmesini Aşgabada bagladylar!!! Onda näme üçin sen Halkara aeropty gurýarsyň näçe milýardlap Dollarlap berip, Entek seniň halkyňa dogry düzgün bir bank sistemanyň ýok ahryn ýurtdy dolandyryp bileňok...

Her aý banka pul saljak bolsaň kösenmeçlik bankyň işgärlerem bizden pul sogyryp, sogyryp şeýdip biziň üstümizden pul gazanýarlar, eýsem hökümet saňa şol işi etmek üçin saňa aýlyk berýär ahryn ol seniň etmeli borjyň näme üçin men ýene-de üstüne pul berdirip salmaly her aý, açgözler gözüňiz doýman geçdi...

Eý, Arkadag näme üçin 200 adam limit goýýaňyz 200 adama goýberip bolýan bolsa onda 300 adamada 400 adamada goýberip bolýar öňler beýle zat ýokdy bizi halky aldamaň, 200 adamyň çagasy adam bolýarda biziňki adam bolmaýar my?

Her gezegem okaýanlygy hakdaky sprawkanyň ariginalyny isleýärler, Faksdan goýberenini ýada Kopýasyny kabul edenoklar...Her gezek pul saljak bolamda nireden nädip getirtmeli men Ariginaly? Daşary ýurt ahryn bul daşary yurtdan her aý her gezek ol ariginal kagyzy nädip getirtmeli? Şol zatlary siz, hiçkim düşünenok my? Dokumentlerem ýygnajak bolsaň kösenmeçilik ýok onyň bolnaok onyň beýle, eýle diýip ertir gel, birgün gel diýip bankdakylar öz başlaryndan sowyp goýberýärler....

Soňuna çenli meni sabyrly diňläňiz üçin köp köp Sagbolyň!!! Eger-de meniň adymy, men hakda ýazjak ýazjak bolsaňyz, “ 3 Sany çaganyň gelejegi üçin ýaşaýan, baryny ýogyny çagalaryna sarp edýän ýeke we ýalňyz bir EJE men, EJE!!! (Aglasa ENEM aglar galany ýalan aglar diýdikleri biz bolsa gerek)

(Gysgaldylyp çap edilýär.)

Redaksiýadan: Okyjylaryň hatlary bolşy ýaly çap edilýär. Hatlarda aýdylanlar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG