Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” Owganystanda häkimiýeti “dolulygyna öz elinde saklamak” maksadynyň ýokdugyny aýdýar


"Talybanyň" Kataryň paýtagty Dohadaky edarasy.
"Talybanyň" Kataryň paýtagty Dohadaky edarasy.

“Talybanyň” metbugat wekili Owganystanyň ýarpysyna gözegçilik edýändigi aýdylýan jeňçi toparynyň islendik geljekki hökümetde ýurdy ýeke özüniň dolandyrmak niýetiniň ýokdugyny, munuň deregine häzirki bar bolan hökümet edaralary bilen birlikde işleşmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

Suhail Şahiniň AP habar agentligine beren maglumatyna görä, “Talyban” öz ildeşleri bilen egin-egne ýaşamagy isleýär.

“Talyban” 2001-nji ýyla çenli häkimiýeti öz gözegçiliginde saklaýardy. Jeňçi topary ABŞ-daky 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky hüjümleri bilen baglylykda, “Al-Kaýda” terroristlerini bermekden ýüz öwrenden soň, ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Owganystana girip, “Talybany” häkimiýetden aýyrypdy.

“Talyban” jeňçileri soňky döwürde Katarda ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça wekili Zalmaý Khalilzad bilen gepleşikleri geçirýärler.

Jeňçiler häzire çenli owgan hökümetiniň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmekden ýüz öwrüp, şeýle-de daşary ýurtly esgerleriň ýurtdan çykarylmagyny talap edip gelýärdiler.

XS
SM
MD
LG