Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Makedoniýa at dawasynyň çözülmegi bilen, ÝB agzalyk gepleşiklerini başlatmak isleýär


Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaýew
Makedoniýanyň premýer-ministri Zoran Zaýew

Makedoniýa goňşusy Gresiýa bilen onlarça ýyl bäri dowam edip gelýän ýurduň at dawasyny çözenden soň, Ýewropa Bileleşiginiň düzümine girmek boýunça gepleşikleri başlatmaga taýýardygyny mälim etdi.

Premýer-ministri Zoran Zaýew Wenada Awstriýanyň kansleri Sebastiýan Kurz bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Makedoniýanyň ýakyn geljekde “kanunyň hökmürowanlygy we adalat pudagyndaky reformalary ugrunda öňegidişlikleri görkezmäge ukyply boljakdygyny” aýdyp, çykyş etdi.

“Biz agzalyga kabul edilmek gepleşiklerine başlamak üçin, Ýewropa Geňeşine iýuna çenli berk delilleri hödürläp biljekdigimize umyt edýäris” diýip, Zaýew belledi.

“Biz Ýewropa gymmatlyklaryna [Bileleşige] agza ýurtlaryň käbirlerinden hem köp sarpa goýýarys” diýip, Zaýew sözüne goşdy.

Grek parlamenti 25-nji ýanwarda, Makedoniýa tarapyndan eýýam tassyklanan, ylalaşygy ykrar edipdi.

Geçen ýyl grek premýer-ministri Aleksis Tsipras bilen Zaýewiň baglaşan ylalaşygyna görä, Makedoniýanyň ady Demirgazyk Makedoniýa respublikasy diýlip üýtgediler.

30 ýyl töweregi Gresiýa Makedoniýanyň Ýewropa Bileleşigine we NATO agza bolmak tagallalaryny böwetläp gelýärdi.

XS
SM
MD
LG