Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokurorlar gazak aktiwistiniň “azatlygynyň çäklendirilmegini” soraýarlar


Aýgül Akberdiýewa

Gazagystanyň günbataryndaky Aktau şäherinde prokuror aktiwist Aýgül Akberdiýewanyň “azatlygynyň çäklendirilmegini” sorady. Azatlygy çäklendirmek, munuň özi kazyýet tarapyndan kesgitlenen iş kesileniň azatlygyny çäklendirýän borçlary oňa ýüklemekden ybaratdyr.

39 ýaşly Akberdiýewa gadagan edilen Gazagystanyň Demokratik Saýlawy partiýasynyň sosial ulgamlaryndaky sahypalaryny ulanyp, “hökümeti güýç bilen agdarmak” çagyryşlaryny etmekde aýyplanýar.

Mundan öň, onuň 45 ýaşly adamsy Ablowas Žumaýew hem ýokarky aýyplamalar esasynda üç ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Akberdiýewa we adamsy özlerine bildirilýän aýyplamalary inkär edip, olaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýtdylar.

Maşgalanyň dört çagasy bar. Olaryň körpesi iki ýaşynda.

Gazagystan geçen ýylyň martynda Gazagystanyň Demokratik Saýlawy partiýasyny ekstremistik gurama hökmünde häsiýetlendirip, ony gadagan edipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG