Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Esenguly 2018-nji ýylda ýurduň iň gowy etraby boldy


Esenguly şäherçesi
Esenguly şäherçesi

Balkan welaýatynyň Esenguly etraby 2018-nji ýylyň jemleri boýunça ýeňiji bolup, 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

2017-nji ýylda bu dereje we pul sylagy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyna berlipdi.

Türkmenistan welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler boýunça her ýyl bäsleşik geçirýär.

Bu bäsleşikde iň ýokary netijeleri gazanan etrap Türkmenistan boýunça ýeňiji diýlip yglan edilýär.

Emma Azatlygyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bu etrabyň işsizlik, durmuş-ýaşaýyş, medeni şertleri boýunça ýurtda iň agyr ýagdaýdaky etraplaryň biri bolup galýandygyny habar berýär.

“Esenguly etraby garaşsyzlygyň başky ýyllaryndan başlap öz-özünden ykdysady gabawa düşdi, adamlar balykçylyk, halyçylyk, nebit pudaklaryndaky iş orunlaryny köpçülikleýin ýitirdiler, ilatyň azyndan 50 prosenti işsiz, welaýat merkezi bilen Esenguly arasyndaky 300 km çemesi ýoluň 250 kilometriniň diňe ady ýol” diýip, golaýda bu ýerde bolan habarçymyz aýtdy.

Şeýle-de habarçy Esenguly etrabynda iň uly problemanyň agyz suwy bolup durýandygyny, adamlaryň ýagyş, gar suwlaryny ýygnap mydar edýändigini gürrüň berdi.

“Çekişler obasynyň golaýynda süýji suw linzasy bar, bu SSSR döwründe subut edilen zat, emma şu mümkinçilik hem ilata elýeterli edilmän gelýär”diýip, Azatlygyň balkan welaýatyndaky habarçysy 2-nji fewralda habar berdi.

XS
SM
MD
LG